TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

12 Iýun

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň çagyrmagy boýunça Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde saparda boldy.

Saparyň maksady ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň direktory we wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmekden, bu Býuronyň işi bilen tanyşmakdan hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. 

Wekiliýetiň ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň ştab-kwartirasyna guralan saparyna Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň hemişelik wekili,  Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky (Ženewa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,  Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň birinji sekretary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ynsanperwerlik bölüminiň başlygy, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň (DIAHB) direktory Mariýa Telalian duşuşygy açyp, çakylygy kabul edip, şu duşuşyga gelendikleri üçin Türkmen wekiliýetine öz hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem M. Telalian bu duşuşygyň geljekki hyzmatdaşlygy diolog arkaly ösdürmekde ähmiýetli we täze sahypa boljakdygyna umyt edýändigini aýtdy.

Soňra ÝHHG-niň DIAHB-nyň departamentleriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

 Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda departamentleriň wekilleri özleriniň alyp barýan işleriniň ugurlary barada çykyş etdiler we bu ugurlar boýunça Türkmenistan bilen geljekki hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Günüň ahyrynda ÝHHG-niň DIAHB-nyň direktory Mariýa Telalianyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklaryň netijeleri jemlenildi.

Türkmen tarapy Mariýa Telaliana onuň çakylygy üçin hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjek çäräniň guralandygy üçin hoşallygyny bildirdi. 

30 Ýan
Saýlawlara taýýarlyk: okuw maslahatlary geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...