Türkmen halysy halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan, umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungaty saýylýar. Bu sungat nesillerden-nesillere geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen halysy özüniň gözelligi bilen dünýäde uly meşhurlyga eýedir.
Häzirki döwürde halyçylyk sungatyny ösdürmäge, türkmen halylarynyň iň gadymy nusgalaryny dikeltmäge, bu ajaýyp sungaty ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenmäge aýratyn üns berilýär. El halyçylygynyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän halyçylyk däpleriniň ösdürilmeginiň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň uly aladalary durandyr. Has takygy, milli Liderimiziň türkmen halylarynyň gözelligini wasp edýän «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly eserleri-de milli halyçylyk sungatynyň gadymy däplerini wagyz etmek işine uly goşant bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat» kitabyndaky: «Biziň döwletimiziň ýene-de bir genji-hazynasy taýsyz çeper eserler bilen deňleşdirilen ajaýyp halylarymyzdyr» diýen setirleri türkmen halyçylyk sungatyna berlen mynasyp bahadyr.
2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylaryň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda-da türkmen halyçylarynyň daraklarynyň sesi, goý, batly ýaňlansyn!
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...
Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...