Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşdy.
GDA-nyň resmi däl sammitleri agza döwletleriň Baştutanlaryna ynanyşykly dialogy alyp barmaga mümkinçilik berýän möhüm meýdança öwrüldi. Şeýle duşuşyklar, resmi mejlislerden tapawutlylykda, ýörite bellenen gün tertibi bilen çäklendirilmän, sebit durnuklylygy, ykdysadyýet we medeni hyzmatdaşlyk ulgamlaryndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döredýär. Sammitiň bu formaty GDA ýurtlaryny diňe taryhy we geografik umumylygyň däl, eýsem, Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygy gorap saklamak boýunça umumy maksadyň hem baglanyşdyrýandygyny görkezýär.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşykda ygtybarly hyzmatdaş we parahatçylyk dörediji merkez hökmünde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz ykdysady, ulag-logistika ulgamlaryna aýratyn üns berip, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mazmun taýdan baýlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Ýurdumyz Aral meselesini çözmäge işjeň gatnaşyp, «ýaşyl» diplomatiýa, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň şäherleriniň birnäçe gezek «Arkalaşygyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bolsa Türkmenistanyň özara hormat goýmak, umumy taryhy mirasy gorap saklamak arkaly halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrýandygyny, medeniýetara dialoga açykdygyny görkezýär.
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Russiýa Federasiýasyna iş saparynynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýerine — Döwlet «Ermitaž» muzeýine bardy. Ol ýerde hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Russiýa Federasiýasynyň, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň we Türkmenistanyň Prezidentleri, şeýle-de, Ermenistan Respublikasynyň Premýer ministri dünýäniň iň uly muzeýleriniň biri bolan Ermitažyň ekspozisiýalaryny synladylar.
Döwlet Baştutanlary, ilki bilen, muzeýiň birinji gatynda ýerleşýän «Altyn hazyna» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde antik döwrüň zergärleriniň ýasan altyn şaý-sepleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda gadymy skif halkyna degişli bolan iki müň ýyllyk altyn önümler nepisligi bilen haýran galdyrýar. Ikinji gatda ýerleşýän Orta Aziýa zalynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen tanyşmak bolýar. Ekspozisiýa asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň arasynda kemala gelen gatnaşyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu söwda ýolunyň merkezinde ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrypdyr. Ýükli kerwenler ýurdumyzyň üstünden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna geçipdirler. Bu ýoluň ugrunda ýerleşýän Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly şäherler möhüm ylmy we medeni merkezler bolupdyr.
Soňra dostlukly ýurtlaryň Liderleri Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň sungaty bilen tanyşdyrýan zallara aýlanyp gördüler. Bu ýerde Günbataryň meşhur suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň eserleri bilen tanyşmak bolýar.
Soňra döwlet Baştutanlary «Leonardo da Winçi» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde Ýewropanyň Gaýtadan döreýiş döwrüniň beýik ussadynyň 20-den gowrak eseri saklanýar. Bu sungat eserleri çeperçilik ussatlygy we çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar.
Muzeý bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygy geçirildi. RF-niň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine syn berildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Prezident Wladimir Putin 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzy gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.
Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmagy ýurdumyzyň açyk we özara hormat goýmak dialogyna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy. GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan üçin şeýle meýdança sebitde parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary ilerletmekde möhüm gural bolup durýar.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...