Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy.
Häzirki döwürde däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge güýçli itergi berýär.
2009-njy ýylyň dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran ilkinji resmi sapary döwletara gatnaşyklary düýpli özgerden aýratyn tapgyr boldy. Bu sapar diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmak bilen çäklenmän, eýsem, uzak möhletleýin senagat hyzmatdaşlygynyň konsepsiýasynyň hem binýadyny goýdy. Türkmenistan we Ýaponiýa halkara guramalaryň meýdançasynda ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine yzygiderli hyzmatdaşlyk edýärler. «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr.
Ýaponiýanyň Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.
19-njy dekabrda Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy.
Onuň Alyjenaby Imperator belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyrýan şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyr-makda we giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Onuň Alyjenaby Imperator bilen şu ýylyň dowamynda ikinji gezek duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Imperatora Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Bellenilişi ýaly, Ýaponiýa täze tehnologiýalar we ýokary senagat önümçiligi babatda dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistanda olary tygşytly we netijeli özleşdirmekde ýapon tehnologik çözgütlerine hem-de tejribesine esaslanylýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ekologik abadançylyga möhüm ähmiýet berýändigine ünsi çekip, «ýaşyl» energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologik tehnologiýalar ulgamlarynda ýapon işläp taýýarlamalaryna gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň türkmen we ýapon halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şoňra hormatly Prezidentimiziň öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy.
Häzirki wagtda iri ýapon kompaniýalary Türkmenistanda netijeli işleri alyp barýarlar. Olar köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirip, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Şunda gaz we nebithimiýa, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti duşuşygy açyp, duşuşmaga wagt tapandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we bu duşuşygyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge möhüm itergi boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlaryny — öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini tüýs ýürekden mübärekläp, bu kompaniýalar bilen Türkmenistany köpýyllyk netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, bu duşuşygy geçirmek baradaky başlangyjy, türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekde ony ösdürmegiň ýollaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi. Işewürler hormatly Prezidentimize wagt tapyp, şu duşuşyga gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetini bellediler we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşdy.
Fukuşiro Nukaga belent mertebeli myhman bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, Türkmenistanyň strategik taýdan ähmiýetli Merkezi Aziýa sebitinde Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmekde şu gezekki duşuşygyň ähmiýetini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Endo Toşiaki belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, soňky ýyllarda türkmen ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli syýasy dialogyň netijesinde täze derejä çykandygyny belledi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen ýapon gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny, Türkmenistanyň onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi.
20-nji dekabrda Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy.
Premýer-ministr Sanae Takaiti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hemde bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Sanae Takaitini Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we alyp barýan döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Bu dialogyň esasy maksady sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr.
Sammitiň geçirilýän ýerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy bilelikde surata düşdüler.
Soňra, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri ýokary derejeli duşuşygy açyp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin sammite gatnaşyjylara hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşlary bolup durýandygyny nygtady. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Ýaponiýanyň Hökümetine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň şu günki duşuşyga häzirki ählumumy geoykdysady we syýasy ýagdaýlary, dünýä ösüşiniň merkezi hökmünde Aziýanyň barha artýan ornuny nazara alyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary hil we many-mazmun taýdan täzelemek üçin möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sammite gatnaşyjylardan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagy haýyş etdi.
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmagy, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyr-maga ýardam bermäge hem-de bu formatyň işjeň gatnaşyjysy bolmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň sammitiniň Tokio Jarnamasy hem-de ykdysadyýet we energetika babatda ministrler derejesindäki Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran iş sapary we «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjek möhüm waka boldy.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...