l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

Habarlar

Makalalar

Wideo materiallar

Türkmenistanyň welaýatlarynda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna, möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz–Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak meselesi hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol sanda, ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgeler esasynda, döwrebap milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, bäsleşikli şertlerde, aýanlyk ýagdaýynda geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran № 192-VII belgili karary esasynda, Ahal welaýa- tynyň Altyn asyr, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül, Mary welaýatynyň Oguzhan etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalygyna, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly», 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.

Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.

Şu günler ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ýene birine – Türkmenistanyň welaýatlarynda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna, möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek saýlaw okruglarynyň 4-sinde geçiriler. Ýagny: Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa» we 79-njy «Darganata» hem-de Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly» we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglarynda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri baradaky maglumat «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetleriniň sahypalarynda türkmen we rus dillerinde çap edilip, saýlawçylaryň dykgatyna ýetirildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň (saylav.gov.tm) saýtynda hem ýerleşdirildi.

Täze etraplaryň her birinde etrap halk maslahatlarynyň agzalygyna 20 saýlaw okrugy jemi 140 okrug döredildi. Ygtyýarlyk möhleti tamamlanmazdan öň çykyp gidenleriň ýerine saýlawlar okruglaryň jemi 221-sinde geçiriler. Has anygy: welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary 3 saýlaw okrugynda, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary 11 saýlaw okrugynda, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bolsa saýlaw okruglarynyň 203-sinde geçiriler.

Ýurdumyz boýunça saýlawlaryň ählisi jemi 361 saýlaw okrugynda geçiriler. Bu saýlaw okruglarynyň belgileri, araçäkleri baradaky maglumatlar ýanwar aýynda «Aşgabat», «Ahal durmuşy», «Balkan», «Daşoguz habarlary», «Türkmen gündogary», «Maru-şahu-jahan» gazetleriniň sahypalarynda çap edilip, saýlawçylaryň dykgatyna ýetirildi.

Şeýle-de, şol saýlaw okruglarynyň çäklerinde ses bermegi geçirmek we ses bermegiň netijelerini jemlemek üçin ýurdumyzda saýlaw uçastoklarynyň jemi 564-si hereket eder, şol sanda Aşgabat şäherinde 17-si, Ahal welaýatynda 77-si, Balkan welaýatynda 12-si, Daşoguz welaýatynda 163-si, Lebap welaýatynda 181-si, Mary welaýatynda bolsa 114-si. Bu saýlaw uçastoklarynyň belgileri, merkezi we araçäkleri baradaky maglumatlar ýakyn günlerde ýerli gazetlerde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetiriler.

Saýlawlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 4 adam, täze döredilen etraplaryň 7-siniň her biriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna 20, jemi 140 adam, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 3 adam, etrap halk maslahatlarynyň agzalygyna 11 adam, geňeşleriň agzalygyna 203 adam saýlanylar. Şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlarda kanun çykaryjy wekilçilikli edara, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň edaralaryna jemi 361 adam saýlanylar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 1-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda saýlawlar bäsleşik esasynda geçirilýär. Däp bolup gelşi ýaly, bahar paslynda geçjek saýlawlarda hem her okrug boýunça dalaşgärleriň azyndan 2–3-si bäsleşer.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.

Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna dalaşgär hödürlenilip bilinýär.

Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilinýär.

2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek işleri 26-njy fewrada tamamlanar.

Mundan başga-da, häzirki wagtda mart aýynda geçiriljek saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň edarasy tarapyndan gollanmalaryň 3-si taýýarlanyldy. Has takygy:

«Etrap, şäher saýlaw toparlary üçin gollanma»;

«Uçastok saýlaw toparlary üçin gollanma»;

«Dalaşgär hödürlemek boýunça gollanma».

Şeýle-de, saýlaw möwsümi döwründe we ses berilýän gün peýdalanyljak resminamalaryň nusgalary taýýarlanyldy we çapa berildi.

Ýerli saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuwlar geçirilýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerli saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirildi. Okuw-maslahatlarynda saýlaw toparlarynyň agzalarynyň hukuk taýdan sowatlylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, saýlaw uçastoklaryny enjamlaşdyrmak, saýlawçylaryň sanawyny düzmek, dalaşgärleri hödürlemek, öňünden ses bermek we saýlawlar güni ses bermek, saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk şertlerini üpjün etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tejribe alşyldy.

Türkmenistanda geçirilýän saýlawlar ählumumy, erkin hem gizlin ses bermek hukugyna esaslanýan demoktratik saýlawlardyr. Saýlawlaryň açyklygy, dalaşgärleriň özara bäsleşigi, synçylaryň syn etmegi üçin döredilýän elýeterlilik, sesleri sanamagyň aýanlygy demokratik saýlawlara mahsus alamatlar bolup, biziň ýurdumyzda saýlawlary halkara derejesinde ykrar edilen demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Saýlawlar gününe çenli on sekiz ýaşy dolan Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlamaga gatnaşmaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň raýatlary saýlawlara deň esaslarda gatnaşýarlar. Her saýlawçynyň bir sesi bardyr. Saýlawlar güni ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 7-den 19-a çenli geçiriler.

Merkezi saýlaw topary.

10.02.2026