l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

Habarlar

Makalalar

Wideo

2026-njy ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputat-larynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlaw okruglarynda geçirilen saýlawlar: jemler, sanlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýyl bedew batly täze, ösüşli gadamlar bilen başlandy. Bu guwandyryjy ýagdaýlar saýlaw ulgamyna hem mahsus bolup, taze işlere badalga berdi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň
7-nji ýanwarynda çykaran № 192-VII belgili karary esasynda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül, Mary welaýatynyň Oguzhan etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalygyna, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 102-nji «Jemgyýet», 104-nji «Peşanaly», 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda geçiren mejlisinde saýlaw möwsüminiň 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlanýandygyny yglan etdi.

Saýlawlar welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäklerindäki degişli etrapdyr şäherleriň 43-sinde, etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň 156-synda geçirildi.

Ýurdumyz boýunça saýlawlar saýlaw okruglarynyň 363-sinde geçirildi. Has takygy,

Täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlawlar boýunça saýlaw okruglarynyň 140-synda, şol sanda:

Ahal welaýatynda 20;

Daşoguz welaýatynda 40;

Lebap welaýatynda 60;

Mary welaýatynda 20.

Ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 5-sinde, şol sanda:

Lebap welaýatynda 2;

Mary welaýatynda 3.

Welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 3-sinde, şol sanda:

Lebap welaýatynda 1;

Mary welaýatynda 1;

Aşgabat şäherinde 1.

Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 12-sinde, şol sanda:

Ahal welaýatynda         2;

Balkan welaýatynda     2;

Daşoguz welaýatynda  2;

Mary welaýatynda        3;

Aşgabat şäherinde        3.

Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 203-sinde, şol sanda:

Ahal welaýatynda         44;

Balkan welaýatynda     9;

Daşoguz welaýatynda  55;

Lebap welaýatynda      36;

Mary welaýatynda        59.

Saýlaw okruglarynyň çäklerinde ses bermegi guramaçylykly geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 578-si hereket etdi, şol sanda:

Ahal welaýatynda         77;

Balkan welaýatynda     12;

Daşoguz welaýatynda  163;

Lebap welaýatynda      181;

Mary welaýatynda        125;

Aşgabat şäherinde        20.

Saýlaw uçastoklarynyň 415-si bilim edaralarynda döredildi. Has takygy;

Orta mekdeplerde 383-si;

Çagalar baglarynda 32-si;

Saglygy goraýyş, medeniýet we beýleki edara-kärhanalaryň bina-synda 163-si hereket etdi.

Saýlawlar dünýäniň we ýurdumyzyň jemgyýetçiliginiň synçy nazarynda boldy. Saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 667-si syn etdi. Has takygy;

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 118-si;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 109-sy;

Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 100-si;

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 105-si;

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 96-sy;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 96-sy;

Raýatlar toparlaryndan 15-si;

Dalaşgärler tarapyndan bellenilen 28 synçy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynda bellige alyndy.

Milli synçylaryň 51,42 % zenanlardyr.

Milli synçylaryň 49,03 % ýokary, 34,93 % ýörite orta, 16,04 % orta bilimli adamlardyr.

Ýaşlary boýunça milli synçylaryň 30,44 % 30 ýaşa çenli, 32,98 % 31-den 40 ýaşa çenli, 18,89 % 41-den 50 ýaşa çenli, 17,69 % 50 ýaşdan uly adamlar bolup, şol sanda 49,48% 35 ýaşa çenli adamlardyr.

Dalaşgärleri hödürlemek 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 28-ine başlandy we 26-njy fewralda tamamlandy.

Dalaşgärleri bellige almak bolsa, şu ýylyň 7-nji fewralyndan 3-nji marty aralygynda geçirildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň guramalary we raýatlar toparlary gatnaşdylar.

Saýlawlarda dalaşgärleriň 759-sy hödürlenildi we degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige alyndy. Has takygy:

Täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna 285;

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 14;

Welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 9;

Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 25;

Geňeşleriň agzalygyna 426 dalaşgär bellige alyndy.

Syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 501-si;

raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 258-si hödürlenildi.

Saýlawlarda bir orun üçin iki we üç dalaşgär bäsleşdi.

Saýlawlar gününden öň ses bermek 2026-njy ýylyň 19 – 28-nji marty aralygynda geçirildi. Has anygy:

Täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 2,94%; Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 3,92%; welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 5,51%; etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 7,36%; geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 6,91 % saýlawçy ses berdi.

Saýlaw uçastoklarynda ses bermek sagat 7-den 19-a çenli geçirildi.

Tutuş ýurdumyz boýunça saýlawlarda ses bermek üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň 658924-si saýlawçylaryň sanawyna girizildi. Has takygy:

Täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 357666 saýlawçydan 91,14%;

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 140211 saýlawçydan 92,26%;

Welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 52296 saýlawçydan 91,47%;

Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 43693 saýlawçydan 91,06%;

Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 109027 saýlawçydan 91,20%

saýlawçy ses berdi.

Saýlawlara ilkinji gezek 18 ýaşy dolan ýaş saýlawçylaryň 11373-si gatnaşdy.

Ses berilýän jaýdan daşarda (saglyk ýagdaýy sebäpli) saýlawçylaryň 1998-si ses berdi.

Saýlawlarda Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saýlaw uçastoklarynyň ençemesinde ýörite wideo kameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda on-line tertibinde ilata göni görkezildi.

Şeýlelikde, saýlaw toparlarynyň ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamalaryna laýyklykda, ýurdumyz boýunça bellige alnan 759 dalaşgärden häkimiýetiň ähli wekilçilikli edaralaryna 363 adam saýlandy. Şol sanda:

285 dalaşgärden täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna 140 agza;

14 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 5 deputat;

9 dalaşgärden welaýatlaryň we Aşgabat şäher halk maslahatlaryna 3 agza;

25 dalaşgärden etrap, şäher halk maslahatlaryna 12 agza;

426 dalaşgärden geňeşlere 203 agza saýlandy.

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalygyna hödürlenip, saýlanylanlar:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 312 dalaşgär hödürlenip, şolardan 166-sy;

Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 34 dalaşgär hödürlenip, 20-si;

Agrar partiýadan 155 dalaşgär hödürlenip, 60-sy saýlandy.

Syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň jemi 501-sinden 246-sy;

raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen 258 dalaşgärden 117-si saýlandy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanylan 5 deputatyň 3-si;

Täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden etrap, şäher halk maslahatlaryna saýlanylan 152 agzanyň 26,97 %;

Geňeşleriň agzalygyna saýlanylan 203 agzanyň 23,15 % göterimi zenanlardyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlananlaryň 5-si hem ýokary bilimli adamlardyr.

Welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlananlaryň 3-si hem ýokary bilimli adamlardyr.

Täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden etrap, şäher halk maslahat-larynyň agzalygyna saýlananlaryň 85,53 % ýokary, 13,16 % ýörite orta, 1,31 % orta bilimli adamlardyr.

Geňeşleriň agzalygyna saýlananlaryň 34,48 % ýokary, 34,48 % ýörite orta, 31,04 % orta bilimli adamlardyr.

Saýlawlarda saýlananlaryň 29,48 % 30 ýaşa çenli, 34,99 % 31-den 40 ýaşa çenli, 17,08 % 41-dan 50 ýaşa çenli, 18,45 % 50 ýaşdan uly adamlar bolup, şol sanda 45,73% 35 ýaşa çenli adamlardyr.

Saýlawlary guramaçylykly geçmek maksady bilen, saýlaw toparlary üçin zerur bolan resminamalaryň we beýleki maddy-enjamlaýyn serişdeleriň hemmesi merkezleşdirilen görnüşde üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek baradaky öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp, saýlawlaryň kanunçylyk esaslaryny doly we dogry berjaý etmek saýlaw toparlary üçin wajyp wezipedir.

Merkezi saýlaw topary.

14.04.2026