l
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji we pähim-parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy (BMG) we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ilerletmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda oňyn netijeler hem gazanylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny halkara giňişligine ýaýmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmek ýörelgelerine gönükdirilendir. Konsepsiýanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda, ýurdumyz abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek işini yzygiderlilikde alyp barýar.
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna eýerýän Türkmenistan, döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde-de netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda gol çekilen «Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň çäreleriniň guramaçylykly amala aşyrylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatda halkara guramalary bilen toplumlaýyn özara gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan işleriniň nusgalykdygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Taslama resminamasynyň esasy maksady öňdebaryjy halkara tejribelerini ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygy bilen baglanyşdyryp, ýörite okuwlary guramak we mundan beýläk-de Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden ybarat bolup, bu babatda öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenildi.
Taslama resminamasynyň çäreleriniň biri hökmünde 2025-nji ýylyň 19-njy fewralyndan 21-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň Aşgabatda BRIDGE usulyýeti boýunça geçiren okuw maslahatyny görkezmek bolar.
Okuw maslahaty «Saýlawlaryň dolandyrylyşyna giriş» temasynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleri, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw maslahaty saýlaw işiniň möhüm ugurlaryna, şol sanda saýlaw işleriniň tapgyrlaryna, saýlaw işini meýilleşdirmeklige, saýlawlary geçirmekde ykrar edilen halkara kadalaryna we ýörelgelerine, şeýle hem saýlawçylary hasaba alyş ulgamynda elektron tehnologiýalaryň ulanylmagyna bagyşlandy. Saýlaw işlerinde gender deňligi meseleleri barada bolsa aýratyn mejlis geçirildi.
BRIDGE demokratiýa we dolandyryş pudagynda öňdebaryjy bäş guramanyň, ýagny Awstraliýanyň saýlaw geňeşiniň, Halkara demokratiýa we saýlawlara ýardam etmek institutynyň, Halkara saýlaw ulgamlary gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Saýlawlary geçirmäge ýardam bermek bölüminiň özboluşly köprüsidir. Olar bilelikde saýlaw işleriniň mümkinçiliklerini has giň gerimde ösdürmegiň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge niýetlenip taýýarlanan okuw maksatnamalarynyň we maslahatlarynyň has giňişleýin toplumyny işläp taýýarlamaga, durmuşa geçirmäge we goldamaga borçlanýarlar.
Eziz diýarymyzy bedew batly ösüşlere besläp, saýlaw ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirip, agzybir halkymyzy milli demokratik ýol bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny arzuw edýäris!
Aman Amanow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.
1.05.2026
