Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosiirlenen agzasy hökmünde GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydygyny bellemek gerek. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.
Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan ençeme gezek Arkalaşygyň çäreleriniň, möhüm duşuşyklarynyň, forumlarynyň, şol sanda GDA-nyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Geňeşleriniň mejlisleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan «Ala-Arça» döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasynda belent mertebeli myhmany — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow mähirli garşylady.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Ilham Aliýew, Aleksandr Lukaşenko, Kasym-Žomart Tokaýew, Wladimir Putin, Emomali Rahmon, Şawkat Mirziýoýew şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.
Ýokary derejede geçirilen duşuşykda çuň manyly çykyşynda hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýişi ýaly, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, onuň işine Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda gatnaşýar. Arkalaşygyň çäklerinde öňe sürýän tekliplerimiz Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde beýan eden başlangyçlaryna doly laýyk gelýär. Munuň özi parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine degişlidir.
Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky teklipleri Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň formaty üçin derwaýys bolup durýar. Sebitiň durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşini üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara guramalaryň, maliýe-ykdysady institutlaryň ýakynlaşmagyna we tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleriňdir çözgütleriň işlenip taýýarlanyl-magyny maslahatyň esasy maksady hasaplaýarys. Türkmen tarapy Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda bu maslahatyň birinji mejlisiniň işine gatnaşmaga çagyrýar.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge berk ygrarlydy-gyny tassyklap, döwletara hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdi.
Sammitiň barşynda bolan pikir alyşmalaryň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara we sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe guramaçylyk we beýleki degişli meselelere garaldy.
GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Russiýa Federasi-ýasyna geçýändigi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde geçirmek baradaky çözgütleri beýan etdi.
Sammitiň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.
On June 17, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring country of Kazakhstan. Our Hero Arkadagly Serdar took part in the second “Central Asia – China” summi...
In accordance with the instructions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections on June 9, 2025, delegation headed by...
In accordance with Articles 18, 19 and 26 of the Electoral Code of Turkmenistan, connection with the departure of one member from the election commission of the Dashoguz Velayat and on the basis of th...
On June 1-2, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov at the invitation of President Ukhnaagina Khurelsukh paid a state visit to the friendly country of Mongolia. Our esteemed President S...
On May 30, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov at the invitation of President Kassym-Jomart Tokayev, paid a working visit to the neighboring country the Republic of Kazakhstan. Our hono...
On May 16, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly Republic of Tatarstan of the R...
On May 9, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country of the Russian Federation. At the invitation of Russian President Vladimir Putin, our esteemed...
On May 5, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov at the invitation of the President of the French Republic Emmanuel M...