TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

16 Okt

Geljegi nazarlap geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosiirlenen agzasy hökmünde GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydygyny bellemek gerek. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.  

Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan ençeme gezek Arkalaşygyň çäreleriniň, möhüm duşuşyklarynyň, forumlarynyň, şol sanda GDA-nyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Geňeşleriniň mejlisleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan «Ala-Arça» döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasynda belent mertebeli myhmany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow mähirli garşylady.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Ilham Aliýew, Aleksandr Lukaşenko, Kasym-Žomart Tokaýew, Wladimir Putin, Emomali Rahmon, Şawkat Mirziýoýew şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.

Ýokary derejede geçirilen duşuşykda çuň manyly çykyşynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýişi ýaly, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, onuň işine Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda gatnaşýar. Arkalaşygyň çäklerinde öňe sürýän tekliplerimiz Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde beýan eden başlangyçlaryna doly laýyk gelýär. Munuň özi parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine degişlidir.

Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky teklipleri Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň formaty üçin derwaýys bolup durýar. Sebitiň durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşini üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara guramalaryň, maliýe-ykdysady institutlaryň ýakynlaşmagyna we tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleriňdir çözgütleriň işlenip taýýarlanyl-magyny maslahatyň esasy maksady hasaplaýarys. Türkmen tarapy Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda bu maslahatyň birinji mejlisiniň işine gatnaşmaga çagyrýar.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge berk ygrarlydy-gyny tassyklap, döwletara hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdi.

Sammitiň barşynda bolan pikir alyşmalaryň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara we sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe guramaçylyk we beýleki degişli meselelere garaldy.

GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Russiýa Federasi-ýasyna geçýändigi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde geçirmek baradaky çözgütleri beýan etdi.

Sammitiň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...

11 Iýun
Welaýat saýlaw toparynyň düzümine üýtgetme girizildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...

03 Iýun
Türkmenistan – Mongoliýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....

02 Iýun
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...