CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

11 Dec

Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler

Şu ýylyň 8-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan we onuň düzümleýin edaralaryndan, şol sanda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) gelip gowşan hoş habarlar barada habar berildi. Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada çözgüdiň kabul edilendigi aýdyldy.

Mundan başga-da, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ýurdumyz bu düzümiň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalyga saýlanyldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir görkezijisidir. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ösdürmäge, sebit we dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşýandygynyň anyk mysalydyr. Munuň şeýledigine, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçyltk akademiýasynda «Ahalteke  atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan tagallalarynyň netijesidir.

Ýeri gelende aýtsak, gö­zel­li­gi, ýyndamlygy we çy­dam­ly­ly­gy bi­len meş­hur bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­ asyr­la­ryň geç­me­gi bi­len, merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Ata-babalarymyzdan miras galan, tebigatyň taýsyz gözelligi bolan bedewlerimiziň sarpasy halkara derejesinde-de uludyr.

Ýur­du­myz­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň to­hum aras­sa­ly­gy­nyň sak­lan­ma­gy­na döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ahal­te­ke at­la­ry­nyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyzyň or­nu­nyň diý­seň ulu­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris.

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitabynda behişdi bedewleriň ýakyn syrdaş hasaplanýandygy, olaryň halkymyzyň milli gymmatlygy bolup durýandygy barada aýdylýar. Türkmen halkynyň «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy», «At agynan ýerde toý bolar», «At – myrat» ýaly paýhasly jümleleri döredendigi bellärliklidir.

Hä­zir­ki wagt­da hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, milli atşynaslyk ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär.  Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramy şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Behişdi bedewlere olaryň dörän mekanynda – türkmen topragynda häzirki döwürde aýratyn belent sarpa goýulýar. Gojaman taryhyň gatlarynda «Şalyk atlary» diýdiren, «Behişdi bedewler» diýdirip, şöhrat gazanan, gadymy hytaý ýazgylarynda «Asman atlary» mahabatyna eýe bolan ahalteke bedewleri, hakykatdanam, dünýä siwilizasiýasynyň ajaýyp gymmatlygydyr.

Toýlary goşa-goşadan gelýän eziz Diýarymyzda Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda gelen bu şatlykly waka bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

Eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyna, geçmiş mirasyna, milli medeniýetine aýratyn sarpa goýup, ony goramakda, ýaş nesle öwretmekde, dünýä ýaýmakda beýik işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Beýik maksatly, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

03 Sept
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Aug
Letter of thanks from the UN Secretary General

A letter from the Secretary-General of the United Nations António Guterres, addressed to the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov has been received. As stated in the letter António Guterres...

21 Aug
Date of the next meeting of the Halk Maslahaty of Turkmenistan has been announced

In accordance with the resolution of the Presidium of the Halk Maslahaty of Turkmenistan adopted on August 20, the next meeting of the Halk Maslahaty of Turkmenistan will be held on September 19, 2025...

22 July
The work of the election system is being improved

During in the period of the Revival of the new epoch of a powerful state, each of the reforms carried out in our country benefits the people and lays a solid foundation for our bright future. In our M...

18 July
Turkmen-Azerbaijan friendly and fraternal relations are developing

On July 16-17, 2025, National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov at the invitation of President Ilham Aliyev paid a friendly visit t...

09 July
Preparations for the international conference are proceeding at a high level

During in the Revival of the new era of a powerful state large-scale reforms initiated by the National Leader, implemented at a high level under the wise leadership of our Hero Arkadagly Serdar signif...

18 June
The second “Central Asia-China” summit

On June 17, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring country of Kazakhstan. Our Hero Arkadagly Serdar took part in the second “Central Asia – China” summi...

12 June
International cooperation is developing in the election system

In accordance with the instructions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections on June 9, 2025, delegation headed by...