Şu ýylyň 8-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan we onuň düzümleýin edaralaryndan, şol sanda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) gelip gowşan hoş habarlar barada habar berildi. Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada çözgüdiň kabul edilendigi aýdyldy.
Mundan başga-da, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ýurdumyz bu düzümiň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalyga saýlanyldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir görkezijisidir. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ösdürmäge, sebit we dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşýandygynyň anyk mysalydyr. Munuň şeýledigine, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçyltk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan tagallalarynyň netijesidir.
Ýeri gelende aýtsak, gözelligi, ýyndamlygy we çydamlylygy bilen meşhur bolan ahalteke bedewleri asyrlaryň geçmegi bilen, merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Ata-babalarymyzdan miras galan, tebigatyň taýsyz gözelligi bolan bedewlerimiziň sarpasy halkara derejesinde-de uludyr.
Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygynyň saklanmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ahalteke atlarynyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ornunyň diýseň uludygyny bellemelidiris.
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitabynda behişdi bedewleriň ýakyn syrdaş hasaplanýandygy, olaryň halkymyzyň milli gymmatlygy bolup durýandygy barada aýdylýar. Türkmen halkynyň «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy», «At agynan ýerde toý bolar», «At – myrat» ýaly paýhasly jümleleri döredendigi bellärliklidir.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, milli atşynaslyk ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär. Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramy şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Behişdi bedewlere olaryň dörän mekanynda – türkmen topragynda häzirki döwürde aýratyn belent sarpa goýulýar. Gojaman taryhyň gatlarynda «Şalyk atlary» diýdiren, «Behişdi bedewler» diýdirip, şöhrat gazanan, gadymy hytaý ýazgylarynda «Asman atlary» mahabatyna eýe bolan ahalteke bedewleri, hakykatdanam, dünýä siwilizasiýasynyň ajaýyp gymmatlygydyr.
Toýlary goşa-goşadan gelýän eziz Diýarymyzda Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda gelen bu şatlykly waka bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.
Eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyna, geçmiş mirasyna, milli medeniýetine aýratyn sarpa goýup, ony goramakda, ýaş nesle öwretmekde, dünýä ýaýmakda beýik işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Beýik maksatly, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...