CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

11 Dec

Okuw maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Gender deňligini göz öňünde tutup, saýlawçylaryň bitewi sanawyny döretmekde halkara tejribesini öwrenmek» atly okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G. Myradow, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleri, Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň wekilleri, şeýle-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň, Arkadag, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölüminiň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň döwletimiziň halkara syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini, mundan beýläk-de şeýle boljakdygyny belleýär. Şunda BMG-niň Ösüş maksatnamasyna uly orun degişlidir.

 Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyna gol çekildi. Taslamada göz öňünde tutulan esasy maksat öňdebaryjy halkara tejribelerini ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygy bilen baglanyşdyryp, degişli okuw çärelerini guramak arkaly saýlaw işindäki özgertmeleri goldamakdan we mundan beýläk-de Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Şu geçirilen okuw maslahaty Taslama resminamasynyň çygrynda göz öňünde tutulan okuw maslahatlarynyň ilkinjisidir.

Okuw maslahatyny Gyrgyz Respublikasyndan gelen halkara bilermeni Gülnara Iskakowa alyp bardy. Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda halkara bilermen saýlawlar geçirilende, saýlawçylaryň bitewi sanawyny düzmek, şonda gender deňligini göz öňünde tutmak bilen baglanyşykly halkara tejribeleri barada giňişleýin düşünje berdi. Şeýle hem bu barada okuw maslahatyna gatnaşan wekilleriň hem pikirleri, garaýyşlary diňlenildi. Okuw maslahatynyň barşynda gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.

Halkara bilermeni Gülnara Iskakowa okuw maslahatyna gatnaşan wekilleriň işjeňlik görkezendiklerini aýratyn belläp, munuň üçin olara sagbolsun aýtdy.

Ady agzalyp geçilen 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň çäklerinde, geljekde hem şunuň ýaly öňdebaryjy halkara tejribelerine esaslanýan we mundan beýläk-de Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de saýlaw toparlarynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen okuw maslahatlarynyň ençemesi geçiriler.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen saýlaw ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Şeýle hem her ýylyň dekabr aýynyň 12-sine bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar.

04 Sept
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sept
A new educational institution has been opened in our country

On September 1, 2025, opening ceremony of the International University of Industrialists and Entrepreneurs was held in the capital with the participation of the National Leader of the Turkmen people,...

28 Aug
Letter of thanks from the UN Secretary General

A letter from the Secretary-General of the United Nations António Guterres, addressed to the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov has been received. As stated in the letter António Guterres...

21 Aug
Date of the next meeting of the Halk Maslahaty of Turkmenistan has been announced

In accordance with the resolution of the Presidium of the Halk Maslahaty of Turkmenistan adopted on August 20, the next meeting of the Halk Maslahaty of Turkmenistan will be held on September 19, 2025...

22 July
The work of the election system is being improved

During in the period of the Revival of the new epoch of a powerful state, each of the reforms carried out in our country benefits the people and lays a solid foundation for our bright future. In our M...

18 July
Turkmen-Azerbaijan friendly and fraternal relations are developing

On July 16-17, 2025, National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov at the invitation of President Ilham Aliyev paid a friendly visit t...

09 July
Preparations for the international conference are proceeding at a high level

During in the Revival of the new era of a powerful state large-scale reforms initiated by the National Leader, implemented at a high level under the wise leadership of our Hero Arkadagly Serdar signif...

18 June
The second “Central Asia-China” summit

On June 17, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring country of Kazakhstan. Our Hero Arkadagly Serdar took part in the second “Central Asia – China” summi...