2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Gender deňligini göz öňünde tutup, saýlawçylaryň bitewi sanawyny döretmekde halkara tejribesini öwrenmek» atly okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G. Myradow, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleri, Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň wekilleri, şeýle-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň, Arkadag, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölüminiň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň döwletimiziň halkara syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini, mundan beýläk-de şeýle boljakdygyny belleýär. Şunda BMG-niň Ösüş maksatnamasyna uly orun degişlidir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyna gol çekildi. Taslamada göz öňünde tutulan esasy maksat öňdebaryjy halkara tejribelerini ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygy bilen baglanyşdyryp, degişli okuw çärelerini guramak arkaly saýlaw işindäki özgertmeleri goldamakdan we mundan beýläk-de Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.
Şu geçirilen okuw maslahaty Taslama resminamasynyň çygrynda göz öňünde tutulan okuw maslahatlarynyň ilkinjisidir.
Okuw maslahatyny Gyrgyz Respublikasyndan gelen halkara bilermeni Gülnara Iskakowa alyp bardy. Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda halkara bilermen saýlawlar geçirilende, saýlawçylaryň bitewi sanawyny düzmek, şonda gender deňligini göz öňünde tutmak bilen baglanyşykly halkara tejribeleri barada giňişleýin düşünje berdi. Şeýle hem bu barada okuw maslahatyna gatnaşan wekilleriň hem pikirleri, garaýyşlary diňlenildi. Okuw maslahatynyň barşynda gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.
Halkara bilermeni Gülnara Iskakowa okuw maslahatyna gatnaşan wekilleriň işjeňlik görkezendiklerini aýratyn belläp, munuň üçin olara sagbolsun aýtdy.
Ady agzalyp geçilen 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň çäklerinde, geljekde hem şunuň ýaly öňdebaryjy halkara tejribelerine esaslanýan we mundan beýläk-de Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de saýlaw toparlarynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen okuw maslahatlarynyň ençemesi geçiriler.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen saýlaw ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Şeýle hem her ýylyň dekabr aýynyň 12-sine bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...
2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...