Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň çakylygy boýunça Monako Knýazlygyna sapary amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Monako Knýazlygyna ugramazdan ozal, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Şonda, milli Liderimiz bu ýurduň özüni dünýäde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sport üstünlikleri bilen tanadandygyny belledi. 2025-nji ýylda Monako «Dünýäniň sport paýtagty» diýlip yglan edildi. Türkmenistanda bolsa bu ýyl hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri sportuň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny belledi.
Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyny belledi. Milli Liderimiz Monako bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz edilmegine ünsi çekdi hem-de bu babatda metbugat wekillerine degişli tabşyryklary berdi.
Elbetde, Milli Liderimiziň Monako Knýazlygyna amala aşyran şu sapary Bitarap Türkmenistanyň parahatçylykly, ynsanperwer, döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär.
Dogrusy, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryny Monakonyň yzygiderli goldap gelýändigini hem bellemek gerek. Bu taryhy saparyň çäklerinde, Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Şol ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Şazada Alber II-niň ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Alber II türkmen halkynyň Milli Liderini mübärekläp, Monako gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde başlangyçly orny eýeleýändigini, munuň bolsa iki ýurduň arasyndaky dialogy özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda işjeňleşdirmek üçin möhüm şert bolup durýandygyny belledi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, sirk sungaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Şazada Alber II iki ýurduň döwrüň talabyna hem-de dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylmalydygyny nygtadylar.
Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Milli Liderimiz Şazada Alber II-ä Monako Knýazlygyna gelmäge çakylygy hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we hormat üçin minnetdarlygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň salamyny, hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi bilen baglylykda, Şazada Alber II-ni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp geçiriljek foruma gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy.
Şeýle-de, saparyň çäklerinde, Gahryman Arkadagymyz Monakonyň 1910-njy ýylda Şazada Alber I tarapyndan döredilen, Ortaýer deňziniň kenaryndaky kert gaýada, 85 metr belentlikde ýerleşýän Okeanografiýa muzeýine baryp gördi we bu ýerde Okeanografiýa muzeýiniň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy Alber I-niň okeanografiýa boýunça geçiren taryhy we ylmy işleri, maksady bilen tanyşdyryldy.
Gahryman Arkadagymyz muzeýiň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Nissa şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde Milli Liderimiz Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.
Hormatly Arkadagymyzyň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Şeýle hem Milli Liderimiz Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.
Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbini özgertmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de, ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gezekki Monako Knýazlygyna amala aşyran sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze sahypany açar.
In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...
On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...
On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...
On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....
On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...
In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...
During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...
On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...