TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

23 Ýan

Türkmenistan–Monako: dostlukly gatnaşyklarda täze sahypa

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň çakylygy boýunça Monako Knýazlygyna sapary amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Monako Knýazlygyna ugramazdan ozal, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.  Şonda, milli Liderimiz bu ýurduň özüni dünýäde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sport üstünlikleri bilen tanadandygyny belledi. 2025-nji ýylda Monako «Dünýäniň sport paýtagty» diýlip yglan edildi. Türkmenistanda bolsa bu ýyl hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri sportuň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny belledi.

Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyny belledi. Milli Liderimiz Monako bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz edilmegine ünsi çekdi hem-de bu babatda metbugat wekillerine degişli tabşyryklary berdi.

Elbetde, Milli Liderimiziň Monako Knýazlygyna amala aşyran şu sapary Bitarap Türkmenistanyň parahatçylykly, ynsanperwer, döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär.  

Dogrusy, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryny Monakonyň yzygiderli goldap gelýändigini hem bellemek gerek. Bu taryhy saparyň çäklerinde, Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Şol ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Şazada Alber II-niň ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Alber II türkmen halkynyň Milli Liderini mübärekläp, Monako gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde başlangyçly orny eýeleýändigini, munuň bolsa iki ýurduň arasyndaky dialogy özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda işjeňleşdirmek üçin möhüm şert bolup durýandygyny belledi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, sirk sungaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Şazada Alber II iki ýurduň döwrüň talabyna hem-de dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylmalydygyny nygtadylar.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Milli Liderimiz Şazada Alber II-ä Monako Knýazlygyna gelmäge çakylygy hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we hormat üçin minnetdarlygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň salamyny, hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi bilen baglylykda, Şazada Alber II-ni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp geçiriljek foruma gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy.

Şeýle-de, saparyň çäklerinde, Gahryman Arkadagymyz Monakonyň 1910-njy ýylda Şazada Alber I tarapyndan döredilen, Ortaýer deňziniň kenaryndaky kert gaýada, 85 metr belentlikde ýerleşýän Okeanografiýa muzeýine baryp gördi we bu ýerde Okeanografiýa muzeýiniň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy Alber I-niň okeanografiýa boýunça geçiren taryhy we ylmy işleri, maksady bilen tanyşdyryldy.

Gahryman Arkadagymyz muzeýiň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Nissa şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde Milli Liderimiz Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.

Hormatly Arkadagymyzyň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Şeýle hem Milli Liderimiz Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbini özgertmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de, ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gezekki Monako Knýazlygyna amala aşyran sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze sahypany açar.

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...