Habarlar

Makalalar

Wideo

Dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

2026-03-03

Dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleri bellige almak 3-nji martda tamamlandy.

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri bellige almak degişli saýlaw toparlary tarapyndan demokratik ýörelgelere laýyklykda amala aşyryldy. Bellige alnan dalaşgärlere bellenilen nusgadaky şahsyýetnamalar gowşuryldy.

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgär hödürlemek işlerine ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň 3-si we raýatlar toparlary gatnaşdylar. Seýlelikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 14, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 9, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 310 we geňeşleriň agzalygyna 426 dalaşgär hödürlenildi.

Dalaşgärleri hödürlemek möhletiniň netijeleri boýunça we dalaşgärleri bellige almak möhletiniň dowamynda, Kanuna laýyklykda, degişli saýlaw toparlarynda bellige alnan dalaşgärleriň jemi sany 759-a deň boldy, şolardan 312-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, 34-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, 155-si Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň guramalary we 258-si bolsa raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi.

Bu görkezijiler, ýagny her bir saýlaw okrugy boýunça 2–3 dalaşgäriň bellige alynmagy, saýlawlaryň giň bäsleşik şertlerinde geçiriljekdigini äşgär edýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, şeýle-de, saýlaw möwsüminiň açyklyk, aýanlyk şertlerini üpjün etmek maksady bilen, ýakyn günlerde degişli saýlaw okruglary boýunça bellige alnan dalaşgärleriň sanawy merkezi we ýerli gazetlerde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetiriler. Şeýle-de, wagyz işleriniň çäklerinde, Mejlisiň deputatlygyna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler wagyz işlerini geçirmek üçin özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirip başlarlar.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlarda syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, wagyz işlerini erkin geçirmek üpjün edilýär. Çünki, saýlawlar boýunça mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi we saýlanylmagy geçirilýän wagyz işleriniň esasy maksady bolup durýar. Wagyz işleri dalaşgäriň degişli saýlaw toparynda bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.