2026-03-15
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge giň mümkinçilikler döredilendir. Dowam edip duran Oraza aýynda bu aýyň hormatyna dini däp-dessurlarymyzyň berjaý edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Pespälligi mylaýymlyk, kanagaty sahylyk, päkligi asyllylyk, bilimi danalyk, dogruçyllygy hoşamaýlyk, ýagşylygy jomartlyk, gülerýüzlüligi dostluk hasaplan ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň ulgamynda nusgalyk maddy we ruhy hazynalary, milli däpleri, ynanç-adatlary, belent ruhy-ahlak ýörelgelerini hem-de taglymatlaryny döredipdirler» diýip belläp geçmek bilen, bu gymmatlyklaryň arasynda beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy bolan Oraza aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň dessurlarynyň aýratyn orny eýeleýändigini nygtaýar.
Keramata baý Oraza aýynyň Gadyr gijesi ynsanyň ýagşy umyt-arzuwlarynyň amala aşmagynyň, berkarar ýurdumyzyň elmydama abadan, berkarar hem rowaç bolmagynyň hatyrasyna doga-dilegler edilýän mübärek gijedir. Bu gije Oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gije bolýar. Gadyr gijesinde türkmen halkymyz öz ojaklarynda nahar taýýarlap, goňşokara däbini ýöredip, birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, maşgala agzybirligi, rysgal-döwletliligi, ýurt abadançylygyny dileg edilýär. «Her gijäni Gadyr bil, her geleni Hydyr» diýlen halk aýtgysynda hem ýagşy işlere we ýagşy adamlara bolan garaýyşlarydyr umytly ynançlary bütin ömrüňe kalbyňda saklamak ündelýär. Aýlaryň serweri bolan Remezan aýynda hem-de onuň keremli Gadyr gijesinde pederlerimizden miras galan nusgalyk ýörelgeler, haýyr-sahawata ýugrulan sogap işler rowaç alýar.
Gadyr gijesi mynasybetli däp bolan günä geçişlik çäresi hem Türkmenistanda Remezan aýynyň gymmatyny artdyrýan, oňa belent ynam-umydy berkidýän, ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň we rehimdarlygyň nusgasyna öwrülen asylly däp-dessurlaryň biridir. Ynsanperwerlik, rehimdarlyk, sahawatlylyk, ahlak tämizligi ýaly ýagşy häsiýetler agyz bekläp, tagat-ybadat edýän ynsanlaryň köňül bezegine öwrülýär.
Goý, sogap işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, halkymyzyň bagtyýarlygyna, bedew bady bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzyň ösüşine gönükdirilen beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin! Ynsanperwerligi we sahawatlylygy dabaralandyrýan mukaddes Oraza aýynda, mübärek Gadyr gijesinde edýän doga-dilegleriňiz, berýän sadakalaryňyz kabul bolsun!
Azatgül Täçmämmedowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Balkan welaýaty boýunça iş ýöredijisi.
