Habarlar

Makalalar

Wideo

Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni  tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

2026-11-05

Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek hem-de olaryň senagat we ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň çar künjeginde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň aýdyň görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda ýerli çig malyň binýadynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň düzümindäki önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar.

Ýeri gelende aýtsak, parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy sogap işleriň biri hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu işleriň dowamata atarylýandygynyň, barha rowaçlanýandygynyň şaýady bolýarys.

Bilşimiz ýaly, 2026-nji ýylyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz umumy uzynlygy 546 kilometr bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de kuwwatlylygy ýylda 350 müň tonna azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalaryň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralary mynasybetli çykyş etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi hasaplanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň demirgazyk künjegini paýtagtymyz bilen birleşdirýän Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagynyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berjekdigini, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrjakdygyny nygtady. Umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan bu ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle hem bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle-de, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň hem düýbi tutulýar. Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, ýakynda bolsa «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin milli Strategiýasynyň» kabul edilendigini belläp, häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümçilikleriň döredilýändigini, dürli görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberiniň yzygiderli artdyrylýandygyny aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda ýerli çig mallary ulanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün Daşoguz welaýatynda düýbi tutulýan täze himiýa desgasy hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa önümçilik işini ýola goýmaga ýardam eder. Döwrebap toplum ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Bu toplumda öndüriljek dökünler ýurdumyzyň oba hojalyk sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem daşary ýurtlara eksport ediler. Bu ýerde bir müňden gowrak täze iş orunlary dörediler.

«Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de geljekde hem Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Garabogaz — serhetýaka awtomobil ýolunyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyş dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan uzynlygy 44 kilometr bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan möhüm ähmiýetli awtomobil ýolunyňGarabogaz — serhetýaka böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bedew batly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakadyr. Bu ýol diňe bir iki goňşy döwleti däl, eýsem, sebitleri birleşdirjek, demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, geljekde söwda-haryt dolanyşygyny, ulag we ýolagçy gatnawlaryny ösdürjek dostluk ýoly bolar.

Döwlet Baştutanymyz täze ýoluň açylyş dabarasyna ak pata berdi.

Soňra täze düýbi tutuljak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoly barada, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhaasy barada, şeýle-de, Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplum barada taýýarlanan animasion wideofilmler görkezildi.

Wideofilmler tamamlanandan soňra döwlet Baştutanymyz azotly dökünleri öndürjek täze toplumyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň, şeýle-de, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilýän ýerine geldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça düýbi tutulýan täze toplumyň, ýag kärhanasynyň, we awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we bu başlangyja ak pata berdi.

Şeýlelikde, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de karbamid we ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak, şeýle hem Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň açylyş dabaralary ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.