2026-03-20
Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, mukaddes ata Watanymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şanly 2026-njy ýyl ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Kalbymyzy joşduryp, göwünlerimizi şatlandyryp, ýüreklerimize röwşen nur çaýyp, eziz Diýarymyza bahar geldi. Bagtyýar döwrümizde tutuş tebigatymyzy janlandyryp, ýaşyl begrese beslenýän türkmen baharynyň gelşi-de üýtgeşik.
Täzelenişiň hem-de nuranalygyň baýramy bolan Milli bahar baýramy kalplara şatlyk paýlaýan ajaýyp günler bilen gelýär. Öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Halkara Nowruz baýramy her bir adamyň şatlygyny goşalandyrýar. «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýlişi ýaly, ata-babalarymyz ýylyň rysgal–berekede beslenip gelmegini alabaharda ýagyş-ýagmyryň bol ýagmagy bilen kesgitläpdirler.
Gyşyň geçip, öz ornyny ýaşyl ýazlara bermegi – tebigatyň mizemeýän kanuny. Bu gün ýene-de dünýämize ýaz geldi. Töwerekde guşlaryň şadyýan sesleri, baharyň hoştap howasy, uzaklardan daglaryň üstünden öwüsýän ýaşyl ýeller, asmanda hatar gurap barýan ak bulutlat, uzak ýaýlalarda owlak – guzularyň mäleşýan sesleri, çalaja çisňeýän ýägşyň ýerleri ezmesi – bularyň hemmesi dýnýäni joşguna öwrüp gelen ýazyň alamaty.
Ýaz – galkynyş, ýaz – ýaşaýyş, ýaz göwünleriň göterilýän pursady. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, ozalam bir dananyň «Baharyň bir sagadynda tutuş bir ömür bar» diýip belläp geçişi ýaly, göwünleri bogun – bogun söküp, damarlary yzarlap gelýän ýaz pasly özüniň ajaýyplygy bilen tapawutlanýar.
Gujagy al–elwan gülli bahar paslynda Milli bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň bellenilip geçilmegi merdana halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli medeni–ruhy gymmatlyklaryna goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Bu ajaýyp baýram Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny, tebigata bolan garaýşyny, gatnaşygyny özünde jemleýär. Şöhratly ata–babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli ýol-ýörelgelerimizde Nowruzyň aýratyn orny bardyr. Ata-babalarymyzyň durmuşynda Nowruz bolçulygyň, täzelenişiň, durmuş gözelliginiň alamaty bolupdyr.
Ata babalarymyz Nowruz baýramyny ýere ýyly gidip, täze hasylyň, ýagny ekişiň başlanýan güni bilen baglanyşdyrypdyrlar. Olar her bir baýramy sungat derejesine ýetirip bellemegi başarypdyrlar. Nowruz baýramynda ene-mamalarymyz ýedi dürli tagam taýýarlap, baýramçylygyň şatlyk – şowhunyny has-da artdyrypdyrlar. Aýratyn hem Nowruzda semeni bişirilişi, şeýle-de, Nowruz baýramy bilen bagly yrymlar halkymyzyň ekiş, täze hasylyň düýbüni tutmak ýaly döwletli işe nähili uly ähmiýet berendigine şaýatlyk edýär. Nowruz ruhy päklenişiň hem baýramydyr. Ýagşy niýet, kalp päkligi, birek–birege sylag–hormat, hoşniýetlilik, dostanalyk, ynsanperwerlik Nowruzyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolupdyr. Gyz-gelinler Nowruzyň owadan agşamlarynda läle kakypdyrlar, monjugatdy oýnapdyrlar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy:
Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler awaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda.
— diýip, Nowruzyň tarypyny ýetiripdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde Nowruz baýramynyň derejesi has-da belende galdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda, her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Aslyýetinde, taryhy döwürlerde-de bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edip gelipdir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Milli bahar baýramy mynasybetli, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralary halkymyzyň abadan we parahat durmuşynyň, berkarar döwletimiziň rowaçlygynyň ajaýyp owazy bolup, dünýä dolýar. Baýramlaryňyz gutly bolsun, mähriban adamlar. Hemişe kalbyňyz bahar gülleri ýaly päkize, owadan hem ter bolsun!
Durmuşymyzy bagtyýarlyga besläp, döwletimizi ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris!
Bägül Hojaýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Ahal welaýty boýunça iş ýöredijisi.
