2026-03-24
21-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek çäresi geçirildi. Asylly däbe öwrülen bu giň gerimli ekolegiýä çäresi Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky maksatlary ilerletmäge, jemgyýetde ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam berýär. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli amala aşyrýan ekologiýa syýasaty hut şu asylly ýörelgelere esaslanýar. Şoňa görä-de, paýtagtymyzyň günorta künjeginde geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, şol sanda daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça ýörite taýýarlanylan ýerde bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de halkymyzyň milli däpleriniň dowamata atarylýandygyny aýdyň görkezdi.
Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Milli bahar baýramy bilen utgaşyp giden ählihalk bag ekmek çäresi uly dabaralara we ruhubelentlige beslenip geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde guralan bu çäre, Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny berkitmek we tebigy baýlyklarymyzy aýawly saklamak ugrundaky asylly ýörelgeleriň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Bag ekmek merdana türkmen halkymyzyň milli dessurlarynyň biri bolup, halkymyzda: «Bagym bar — barym bar» diýen nakyl hem bar. Şahyr Gara Seýitliýewiň:
«Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen setirleri bolsa paýhasly pederlerimizden dowam edip gelýän milli ýörelgelerimiziň şöhlelenmesidir. Baglar zeminiň gözelligi, tebigatyň eçilen peşgeşi hasaplanýar. Hut şu nukdaýnazardan ata-babalarymyz bag ekmek, gözel tebigaty aýawly saklamak ýaly asylly ýörelgeleri ösdüripdirler. Bu asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp döwrümizde hem mynasyp dowam edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen tebigaty goramak, bag nahallaryny oturtmak bilen bagly uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi gözel tebigatymyzyň mundan beýläk ýaşyl öwüsmegi, gözel bolmagy ugrunda alnyp barylýan netijeli işlerdir. Baglaryň ekilmegi, idedilmegi gözellik bilen bir hatarda, olar tebigat dünýäsini hem baýlaşdyrýar. Ählihalk bag ekmek dabarasy diňe bir ekologiýa çäresi bolman, eýsem halkymyzyň agzybirligini we zähmetsewerligini görkezýän hakyky baýramçylyk dabaralaryna utgaşdy. Täze ekilen baglar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň we rowaçlyklarynyň belent nyşany hökmünde kalplarda buýsanç döretdi.
Şeýlelikde, şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 611 müň 962 düýbi ekildi. Mundan başga-da, seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 24 müň 240 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Jemläp aýdanyňda, ählihalk bag ekmek dabarasy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň nobatdaky beýany boldy.
