Habarlar

Makalalar

Wideo

Aşgabat şäheri – gözelligiň nusgasy

2026-05-24

Aşgabat şäheri – gözelligiň nusgasy

Aşgabat şäheri – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtydyr, ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilendir we şol bir wagtyň özünde ýurduň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda we ylmy-medeni merkezi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen merjen şäherimiz Aşgabat dünýäde parahatçylyk dörediji, ylalaşdyryjy merkeze, şeýle-de sebitiň iri işewürlik, medeni hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Aşgabat şäheri juwanlygyň, gözelligiň we päkligiň şäheridir. Paýtagtymyz parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň şäherine öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäherini döwrebap şertlerde ösdürmek, ony ýaşamak üçin amatly, dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwürmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir».

Ak şäherimiz Aşgabadyň gününi bellemek türkmen halkymyzyň adatyna öwrüldi. Aşgabat şäheriniň güni ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu günki gün ak mermere beslenen paýtagtymyzy görmäge göz, taryp etmäge söz gerek. Munuň şeýledigine, Gurbannazar Ezizowyň şygryýetinde:

Şäher guruň, penjiresi giň bolsun,
Säher Gün şähere başyny egsin

– diýen setirleri hem hut ak şäherimiz Aşgabadyň häzirki ýagdaýyny taryplaýana meňzeýär.

Elbetde, bu gün gözel paýtagtymyzda gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säher wagty guşlaryň saýraýan sesleri abadan-çylygyň, asudalygyň alamatydyr. Ol türkmen halkynyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagtly şu günümize we geljegimize bolan buýsanç bolup ýaňlanýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat sanlyja ýyllaryň içinde dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ak şäherimiz Aşgabat ak mermer binalarynyň özboluşly ajaýyp keşbi bilen tapawutlanýan şäher hökmünde dünýäde meşhurdyr. Aşgabat Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Aşgabat şäheri rahatlyk we abadanlyk taýdan dünýäde öňdebaryjy şäherleriň biri hökmünde ykrar edilendir, bu onuň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi we Ginnesiň rekordlar kitabynda ak mermer bilen örtülen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alnanlygy bilen-de tassyklanýar. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Ak mermerli binalar toplumy türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan «ak zat alnyňa ýagşy» diýen pähiminiň beýanyna öwrülip, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki päk niýetlerden, hoşniýetli maksatlardan ugur alýan syýasatyny dabaralandyrýar. Durmuşa geçirilýän beýik işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzy abadan, bolelin durmuşda ýaşatmak ugrundaky taýsyz tagallalarynyň ajaýyp netijeleridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýiti galamyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby hem paýtagtymyz Aşgabada bagyşlanan ajaýyp eserdir. Bu eserde şäherimiziň gözel künjekleri, onuň ösüşi we geljekde ediljek işler beýan edilýär. Özüniň taryhynda ençeme kynçylyklary başdan geçirendigine garamazdan, paýtagtymyz Aşgabat Garaşsyzlygymyza eýe bolan günümizden bäri tanalmaz derejede özgerdi. Durmuş we medeni maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgählerdir ýadygärlikleriň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, döwrebap dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen şäher täze keşbe girdi. Aşgabat şäheri dost-doganlygyň, halkara derejesinde geçirilýän forumlaryň, sergileriň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň mekanydyr.

Aşgabat şäheriniň ilatynyň we oňa gelýän myhmanlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek hem-de şäheriň binagärlik we şähergurluşyk işini has-da kämilleşdirmek üçin köpugurly işler amala aşyrylýar. Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Ak şäherim Aşgabat» monumenti bu gözelligiň üstüni doldurýan ajaýyp binalaryň biri bolup durýar.

Her ýylyň 25-nji maýynda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri, şol gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde geçirilýän «Soňky jaň» dabaralary bilen utgaşyp, has-da özboluşly häsiýete eýe bolýar.Bagtyýar uçurymlaryň ─ geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti barha ýokarlanýar. Bu ajaýyp baýramçylygyň Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmegi bolsa «Soňky jaň» dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Däp bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň we agzybir halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli diýarymyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň ählisinde baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň hem-de ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän dabaralar eziz Watanymyzyň bagtyýarlygyň mekanydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä nusgalyk şähere öwrülýän Aşgabat bakylygyň şäheri bolup, asyrlara şugla saçsyn.

Toýlary goşa-goşadan gelýän bagtyýar halkymyz bagtly günleriň şaýady bolup ýaşasyn! Bu asuda, şatlykly günlerimiziň başynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il- ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy gutly bolsun, mähriban watandaşlar!

Jennet Saparowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.