2026-07-06
Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi.
Bilşimiz ýaly, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde türkmen-eýran gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäheriniň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy EYR-nyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Saadabad» toplumynyň «Serwestan» köşgüne geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýranda goňşy Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Goňşy ýurduň döwlet Baştutany hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly we işjeň häsiýetine belledi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, ýakyn goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugrudyr. Duşuşygyň barşynda ýurtlarymyzy hem-de olaryň halklaryny hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de EYR-nyň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Eýranyň kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy parlamentara hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde belläp, parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi syýasy diplomatik hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup hyzmat edýär.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň we Eýranyň özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasyna saparynyň dowamynda eýran tarapynyň haýyşy boýunça EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz matam çäresiniň geçiriljek ýerine — Mosalla Ymam Homeýni metjidine bardy. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz merhum Lider Aýatolla Seýed Ali Hameneýini we onuň maşgala agzalaryny hatyralap, Beýik Biribardan merhumlaryň ruhlarynyň şat, imanlarynyň hemra bolmagyny dileg etdi.
Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we beýleki ýokary derejeli wekillere hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan we tutuş türkmen halkynyň adyndan şu hasratly günde çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz EYR-na saparyny tamamlap, Tähran şäheriniň «Mehrabad» Halkara howa menziline geldi. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy EYR-nyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar ugratdylar.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran sapary däp bolan dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup, halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň, mizemez doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşanyna öwrüldi.
