2026-05-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her güni toýlara, baýramlara, şatlykly wakalara beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, her ýyl ýurdumyzda Gurban baýramyny agzybirlikde uludan bellemek türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda Gurban baýramy 27-28-29-njy maýda bellenilýär.
Gurban baýramy türkmen dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Halkymyz bu gadymy baýramyň many-mazmunyna milli ynanjyny, adatyny, däp-dessuryny siňdiripdir. Bu gadymy baýramyň jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde hem-de baýlaşdyrmakda, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uludyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tutumly tagallalary netijesinde bu gün Watanymyzyň çar künjeginde Gurban baýramynyň şowhuny-da, dabarasy-da has belentden ýaňlanýar. Her bir döwletli maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, gelen myhmanlara dürli naz-nygmatlar hödürlenilip, birek-birege «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýlip, ýagşy dilegler edilýär. Mähir-muhabbeti, birek-birege ynamy, ak ýürekliligi, agzybirligi ündeýän gurbanlyk günlerinde ýagşy niýetler bilen aýdylan hoş sözler ynsan kalbyna mähribanlyk çaýýar.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda, däp bolşy ýaly, Arkadagly hajy Serdarymyzyň ynsanperwer tagallasy bilen, ildeşlerimiziň Mekgä we Medinä haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata ugradylmagy döwletimizde ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we ruhy-ahlak däp-dessurlaryna sarpa goýulýandygynyň dabaralanmasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň ýörite Permany esasynda, baýramçylyk günleri ata Watanymyzda iş günleri däl diýlip yglan edilýär. Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Şeýle-de, Gurban baýramy adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär.
Gurbanlyk günleri gurbanlyk kesip, aýat-töwir okamak parzdyr. Gurbanlyk kesmek Gurban baýramynyň birinji güni Baýram namazy okalandan soň başlanyp, üçünji günüň agşamyna çenli dowam edýär. Şeýle-de, gurbanlykda soýuljak mal sagdyn, semiz we gurat bolmalydyr. Düzgün boýunça gurbanlyk malyň eti deň üç bölege bölünýär. Bu bölekleriň biri gurbanlyk berýäniň maşgalasy üçindir, bir bölegi dogan-garyndaşa, galan bir bölegi bolsa gurbanlyk kesip bilmediklere paýlanylýar.
Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän Gurban baýramy – ruhy tämizligiň hem-de hoşniýetliligiň baýramydyr. «Gurbanlyk» sözi, aslynda, «ýakynlaşmak, ýakyn bolmak» diýen manyny aňladýar. Ata-babalarymyz Gurban baýramynda edilen arzuw-islegleriň, ýürege düwlen päk niýetleriň hasyl bolýandygyny aýdar ekenler. Bu baýramyň öň ýanynda öýke-kineli adamlar ýaraşypdyrlar. Gurban baýramynyň daň säherinde ýerine ýetirilmeli parzlaryň biri hem «Gurban şor» etmekdir, ýagny suwa düşmekdir. Bu baýramyň ýylyň haýsy paslyna gabat gelýändigine seretmezden, bu parzy ýerine ýetirmek her bir musulman ymmatynyň borjy hasaplanýar.
Watanymyzda giňden bellenilýän bu baýramçylykda aýdymçylardyr bagşylaryň, tans, folklor, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlarynda eziz Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän taryhy maksatnamalarynyň waspy ýetirilýär. Hemişe bolşy ýaly, belentden dikilen, bezegli hiňňildikleriň töwereginiň mähellesiniň ýetik bolmagy baýramçylyk ruhuny has-da artdyrýar. Baýramçylyk, adatça, üç günläp dowam edýär. Şoňa görä-de, gelin-gyzlar, ýigitler toý lybaslaryny öňünden taýýarlaýar. Şeýle hem baýram günlerinde öý-içeriniň hemme ýeri tämizlenip, arassalanýar. Gurban baýramynda perişdeleriň tämizligi görüp, bagt, bereket, saglyk, agzybirlik ýaly eşretlerden goýup gitjekdigine ynanylyp gelnipdir.
Şeýlelikde, yslam dünýäsiniň bu nurana ajaýyp baýramy gadymy türkmen iliniň hoşniýetli, ynsanperwer we parahatçylyk söýüji halkdygynyň hem-de kämil döwletlilik ýörelgämiziň, bedew batly ösüşlerimiziň aýdyň dabaralanmasy bolup, bagtyýar jemgyýetimiziň ruhuny belende göterýär.
Gurban baýramyny ýokary ruhubelentlikde bellemäge ähli mümkinçilikleri döredýän, milli däp-dessurlarymyza aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gurban baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!
Agamämmet Baýlyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.
