Habarlar

Makalalar

Wideo

Ýurdumyzyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2026-09-02

Ýurdumyzyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli tejribeleriň dünýäniň öňdebaryjy gazananlary bilen utgaşdyrylmagy esasynda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi bilim ulgamyny halkara derejede kämilleşdirmäge, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýe-lemäge, olara döwrebap bilim bermäge itergi berýär. Ylym-bilimiň ösdürilmegi şu günümiz we röwşen geljegimiz bilen berk baglanyşyklydyr.

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen täze, döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň 2026—2027-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde bagtyýar döwrümiziň bagtly talyplaryna giňden gujak açmagy döwlet Baştutanymyzyň nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimize, bilim işgärlerine, mähriban halkymyza sahawatly güýz paslynyň ilkinji gününde ajaýyp toý sowgady boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasy mynasybetli eden çuň manyly çykyşynda: «Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir güni täze taryhy wakalara beslenýär. Ine, şu gün hem biz Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlaryny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berýäris. Şeýle hem şu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berilýär. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize bolsa ýadygärlik sowgat — «Bilimli» atly kompýuterler gowşurylýar. Bularyň ählisi bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr» diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna uly ornuň degişlidigini belläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilen 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigini aýtdy. «Bu bilim ojagy 13 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 28 sany kafedrany, kitaphanany, mejlisler zalyny özünde jemleýär. Institutyň okuw binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, onda professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, talyp ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem häzirki zaman bilim şäherçesinde talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 2 sany, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady hem-de bu döwrebap bilim ojagynda ýokary derejeli binagärleriň, gurluşykçy inženerleriň, senagatçylaryň kemala geljekdigine berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şu gün açylyp ulanmaga berilýän bilim ojaklarynyň ýene-de biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumydyr. 5 müň orunlyk bu döwrebap bilim toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi. Bu bilim ojagy 5 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 22 sany kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny özünde jemleýär. Täze institutyň binalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Ol ýerde professor-mugallymlaryň bilim işini has-da döwrebap guramagy, talyp ýaşlarymyzyň ýokary hilli bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu ýerde talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy. Şeýle-de sport bilen meşgullanmak we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Meşhur türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň adyny buýsanç bilen göterýän bilim ojagynyň täze binalar toplumy geljekde hem kämil mugallymlaryň, bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmäge hyzmat eder.

«Häzirki döwürde watansöýüji, ruhubelent ýaşlarymyz kemala gelýär. Bu ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegidir» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýaşlarymyzyň okamak, öwrenmek we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz institutyň okuw binasynyň ýokary hilli, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen okuw otaglary bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan ajaýyp türkmen halylary sowgat berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz institutlaryň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanmagy berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp toý sowgady boldy hem-de bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.