2026-09-07
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen bedewleri dünýäniň atşynaslaryny, umuman, adamzady haýrana goýýar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny bütin dünýäde has-da dabaralandyrmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de
hormatly Prezidentimiz tutumly işleri alyp barýarlar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly taryhy üstünliklere beslenýär. Bu şanly ýylda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde taryhda ilkinji gezek Ýewropa giňişliginde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň mysalydyr.
Bu geçirilen giň gerimli çärä, ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.
Germaniýanyň Düsseldorf şäheriniň halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Germaniýanyň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Soňra Milli Liderimiz Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň atly ýigitleriniň ugratmagynda «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň binasyna bardy.
Atçylyk-sport toplumynyň binasynyň öňünde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Bu ýerde halkymyzyň göz guwanjyna deňelýän ahalteke bedewlerine bagyşlanan ajaýyp edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Munuň özi ýurdumyz tarapyndan ahalteke atlarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Mejlise Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini artdyrdy.
Ilki bilen, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Marian Weltewreden çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzy we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de mejlisi açyk diýip yglan etdi.
Marian Weltewreden çäräniň möhüm ähmiýetini belläp, taryhda ilkinji gezek ahalteke atlarynyň gözelligi boýunça dünýä çempionatynyň Ýewropada geçirilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ilkinji gezek atşynaslar, alymlar we çapyksuwarlar iň owadan aty bilelikde, bir meýdançada yglan etmek üçin dünýäniň çar künjeginden — Türkmenistandan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan bir ýere ýygnandylar. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ilkinji gezek Ýewropada geçirildi.
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy ahalteke atlarynyň bütin dünýäde şöhratynyň artdyrylmagynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini belläp, çykyş etmek üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat bilen söz berdi.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, türkmen tarapynyň Niderlandlara — şu ajaýyp şähere halkymyzyň hoşniýetli arzuw-umytlary bilen, ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistanyň kalbynyň bir bölegini alyp gelendigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň ahyrynda hemmelere berk jan saglygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çuň manyly we mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, açyk mejlisi alyp barmagy haýyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, mejlisi alyp barmak bilen, çykyş etmek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň Komissary — Limburg welaýatynyň gubernatory Emil Roemere, soňra Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri Ýan Peter Balkenendene, Ýewropa we Demirgazyk Amerika ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň federasiýasynyň ýolbaşçysy Ioannis Maronitise, Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Blanka de Toledo söz berdi. Çykyşlar tamamlanandan soňra Milli Liderimiz Kronenberg şäheriniň ýolbaşçylaryna myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, çäreleri üstünlikli geçirmäge goşan uly goşantlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz «Iň owadan bezelen at» bäsleşiginiň geçirilýän ýerine geldi. Şeýle halkara çäreleriň Ýewropa yklymynda geçirilmegi dünýä ýurtlarynyň halklaryny ýakynlaşdyrmaga kuwwatly itergi berýär. Dünýä çempionaty diňe bir abraýly sport çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň baý medeniýeti, dünýä beren milli gymmatlyklary, däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Ýaýbaňlandyrylan çärelerde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň many-mazmuny täsirli beýan edilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan, atçylyk boýunça halkara düzümlerden bolan eminler topary atlaryň beden gurluşyna, reňk aýratynlygyna we meýdançada özüni alyp barşyna baha berdiler.
Soňra «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň «Maya delorez» meýdançasynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem-de konsert guraldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz uly şowhun bilen garşylanyldy.
Dabarada Gahryman Arkadagymyza uly hormat bilen söz berildi.
Milli Liderimiz şu gün Gündogaryň rowaýaty we türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewine bagyşlanan dünýä çempionatynyň jeminiň jemlenýändigini belläp, munuň dünýä atçylygynyň taryhynda möhüm wakadygyny aýtdy.
Häzirki dünýä çempionaty sungat ussatlaryny hem bir ýere jemledi. Geçirilen döredijilik bäsleşiginde suratkeşler, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar ahalteke bedewiniň gözelligini, ýyndamlygyny açyp görkezdiler. Şeýle-de atlaryň şaý-sepleriniň hem-de atçylyga bagyşlanan türkmen halylarynyň sergisi we sergi-ýarmarka ýokary derejede geçirildi. Türkmen artistleriniň we dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bolsa baýramçylyk şowhunyny döretdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýeňijilere we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara ýüzlenip, olaryň gazanan üstünlikleriniň ahalteke bedewine bolan çäksiz söýgini, çeken ägirt uly zähmetini görkezýändigini aýtdy hem-de olara alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri, täze ýeňişleri arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, ýaryşyň ýeňijisine baş baýragyň — «Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony» diýen «Gran-pri» baýragynyň gowşurylýandygyny aýdyp, bu ajaýyp we owadan bedewiň eýesini şeýle ajaýyp ýeňiş bilen gutlady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Halkara ahalteke atçylyk bileleşigine agzybirlik, rowaçlyk we täze ýeňişleri arzuw etdi.
Soňra bäsleşigiň netijeleri jemlendi.
«Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony — 2026» atly bäsleşigiň ýeňijisi dabaraly ýagdaýda yglan edildi. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň ýeňijisi, «Absolýut çempion» diýen ada we «Dünýä çempiony» baýragyna Fransiýadan A.Martinesiň Ýyndam diýen gara reňkli aty mynasyp boldy.
Ýeňijä Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň adyndan iň häzirki zaman ýeňil awtoulagynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
A.Martines awtoulagyň açaryny ýüzüne sylyp kabul etdi. Türkmen halkynyň asylly däbine laýyklykda, täze awtoulaga un sepildi hem-de alaja daňyldy.
Ýeňiji şeýle ýokary sylaga mynasyp bolmagyň öz durmuşynda ýatdan çykmajak wakadygyny belledi hem-de atşynaslyk pudagyna berýän ünsi, döredilýän hemmetaraplaýyn şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
«Ýaş atlaryň çempiony» atly bäsleşikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen bedewi ýeňiji boldy. Bu bedew 10 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.
«Ýewropanyň iň gowy bedewi» bäsleşiginde bu ada Fransiýa Respublikasyndan hususy atşynas A.Beýliniň Agana Şael diýen aty mynasyp boldy. Ýeňijä 10 müň ýewro möçberindäki pul baýragy hem-de bäsleşigiň kubogy gowşuryldy.
«Iň owadan bezelen at» atly bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan mele reňkli Toýly atly bedew ýeňiji boldy we 5 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.
Soňra ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi.
1 we 2 ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Jerengözli diýen bedew ýeňiji diýlip yglan edildi we bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.
3 ýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at ýeňiji bolmagy başardy. Bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.
3 we 4 ýaşar bedewleriň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi adyna fransiýaly S.Plaýiniň hojalygyna degişli Ming-de-Ahal atly at mynasyp boldy. Bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.
5 we uly ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde Ukrainadan B.Mamelekowyň hojalygyna degişli Ýagşyja — Owadan atly bedew ýeňiji boldy. Ol 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.
Atyň owadan hereketi üçin (dressaž) bäsleşiginde ukrainaly atşynas Liliýanyň Bady-Saba diýen aty ýeňiji boldy. Ol 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.
Konkur bäsleşiginde bolsa Türkmenistanyň Milli atly sport merkeziniň türgeni Yhlas Çopanow ýeňiji boldy. Ýeňijä 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragy hem-de bäsleşigiň kubogy gowşuryldy.
Ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan» atly baýrak bilen sylaglanyldy.
Soňra Gahryman Arkadagymyza Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky dostlugyň, özara hormatyň nyşany hökmünde friz tohumly at sowgat berildi.
Baýraklary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli konsert guraldy.
Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Rowaç» we «Arzuw» atly aýdymlar asylly arzuwlaryň we maksatlaryň hemişe rowaç tapýandygynyň owazy bolup ýaňlandy.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp aýdym özboluşly sena bolup ýaňlandy.
Feýerwerkleriň we dron şüweleňleri dabaranyň ajaýyp pursatlaryna öwrüldi.
Şeýlelikde, Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny, atşynaslyk sungatymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň taryhy üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
