Habarlar

Makalalar

Wideo

Rowaçlyklara beslenýän belent maksatly ýyllar

2026-09-21

Rowaçlyklara beslenýän belent maksatly ýyllar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny, ynsanperwer ýol-ýörelgelerini üstünlikli dowamata besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan hemmetaraplaýyn ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda bedew batly ösüşler-özgerişler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde zähmetsöýer il-günümiziň arzuw-umytlary amala aşýar, maksatlary myrat tapýar. Ýurt ähmiýetli, il bähbitli tutumly işleriň her biri taryhyň altyn sahypalarynda uly orun tutýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent we agzybir halkymyzyň her güni uly rowaçlyklara beslenip, toýlarymyz toýa ulaşýar. Merdana türkmen halkymyz öz milli baýramlaryny, şanly senelerini we taryhy wakalaryny ýokary ruhubelentlikde garşylaýar. Şeýle möhüm şanly seneleriň biri hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň doglan günüdir!

Täze taryhy döwre, ýagny ösüşiň täze tapgyryna gadam basylmagy halkymyzyň agzybirligini, hormatly Prezidentimiziň töweregine berk jebisleşip, ynamly öňe barylýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň ähli başlangyçlarynyň doly goldawa eýe bolýandygyny, asuda ýurdumyzy ösdürmegiň ýolunda öňde goýlan wezipelere amal edilýändigini görkezdi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakalary, şanly seneleri, hoş habarlary halkymyzy täze-täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýar. Bu babatda, ösüş-özgerişli Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellemek gerek. Çünki, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işler belent waspa mynasypdyr. Halkyň bagtyýarlygyna, döwletiň berkararlygyna gönükdirilen döwletli işler ajaýyp döwrümiziň beýikligini, nurana geljegimiziň has-da ösdüriljekdigini äşgär edýär.

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatyndan ugur alýan, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiz mukaddes Watanymyzyň parahatçylygy, asudalygy, il-günümiziň bagtyýar durmuşy, ýaşlaryň ýagty geljegi babatynda döwletli işleri durmuşa geçirýär. Şeýle beýik işlerden ruhlanyp, okamaga, işlemäge, döretmäge, gurmaga ähli mümkinçilikler bar. Döredilýän giň mümkinçilikler bolsa, bizi Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyndan ugur alyp, yhlasly zähmet çekmäge borçly edýär.

Berkarar ýurdumyzda döwletli tutumlar döwrümize ýaraşyk berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öň ýanynda ýokary derejede geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem üstümizdäki ýylyň taryhy wakasy bolar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň bagtyýarlygyny, eşretli durmuşyny üpjün etmekde, jemgyýet bilen döwletiň bitewüligini pugtalandyrmakda örän uly ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Bu syýasy çärede öňde durýan wezipelere, ýurduň we halkyň ykbalyny özgertjek möhüm meselelere garalar, degişli kararlar kabul ediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi halkyň we döwletiň bitewüligini, jebisligini hem-de ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Bu taryhy waka Milli Liderimiz we döwlet Baştutanymyz bilen halkymyzyň arasyndaky mizemez ynamyň güwäsidir, pikir alyşmagyň we geljekki ädimleri bilelikde kesgitlemegiň iş ýüzündäki aýdyň nusgasydyr. Çünki beýik işler döwletli geňeşler arkaly amala aşyrylanda dowamat dowam bolýar.

«Beýik taryhymyzdan we baý medeniýetimizden gözbaş alyp gaýdýan ýaşulularymyzyň göreldesi nesiller üçin ebedi ýörelgedir» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz il-ýurt bähbitli beýik işlerde olaryň pikirine hemişe uly hormat goýýar. Çünki halkymyzyň durmuşyna, döwletimiziň geljekki ösüşlerine oňyn täsir etjek başlangyçlar pähimdar ýaşuly nesilleriň durmuş tejribesine esaslanyp amala aşyrylanda has-da ýerine düşýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleridir maksatnamalaryna laýyklykda, köp sanly senagat, durmuş, medeni maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi, milli we halkara derejeli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi döwletimiziň okgunly ösýändiginiň, ykdysady taýdan barha kuwwatlanýandygynyň aýdyň görkezijisidir.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda adam baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugry bolup durýar. Munuň özi Milli Liderimiziň zehin-yhlasyndan, hormatly Prezidentimiziň aýratyn tagallalaryndan binýat bolan Arkadag şäheriniň mysalynda has aýdyň şöhlelenýär. Çünki ýurdumyzda we sebitde ilkinji «akylly» şäher Garaşsyzlygyň gazananlarynyň ýene bir buýsançly nyşanydyr.

Eziz Diýarymyzda parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň, ösüşleriň höküm sürýän ýurdunda adam hakdaky her bir tutumyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ähli ulgamlarda beýik ösüşleriň gazanylýandygy, medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň we desgalaryň gurluşygy ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, täze obalaryň we şäherçeleriň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýändigi, halkara hyzmatdaşlygynyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňden ösdürilýändigi her birimizde guwanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen önümçilige täze tehnologiýalar, innowasiýalar, sanly ykdysadyýet giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň elektroenergetika, gaz senagaty pudagynda, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda ägirt uly işler bitirilýär. Şeýle ajaýyp döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň, döwletli işleriniň barha rowaçlanýandygy üçin kalbymyz alkyşly sözlere beslenýär.

Dünýäde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Ýurdumyzyň parahatçylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.