2026-09-22
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň asylly, beýik başlangyçlarynyň dowamatyny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda il-ýurt bähbitli iň wajyp çäreleriň biri bolan, her ýylda altyn güýz bilen utgaşyp, ýetilen sepgitleriň jemini jemleýän, geljege nazar aýlanylýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly ähmiýet berilýär. Çünki, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli hukuk özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga, halk häkimiýetlilik ýörelgelerini ösdürmäge aýratyn orun berilýär. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň has-da kämilleşmegine hem içgin üns berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda merdana ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgelerimize, halkymyzyň demokratik däplerine uly ähmiýet berilýär. Şunuň esasynda Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli beýik işler, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýar, abadan we asuda durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem watandaşlarymyzyň arzuw-isleglerini, tekliplerini öňe sürmekde we aýdyň maksatlary çuňňur oýlanyşykly amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi adam hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmak hukugyny kepillendirmekde giň şertleri döredýän halk häkimiýetliliginiň dabaralanmasydyr. Şeýle hem ata-babalarymyzdan gelýän demokratik ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 23-nji sentýabrda merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly çäreler güýçli depginde we guramaçylykly dowam etdirilýär. Döwlet derejesindäki bu möhüm çäräniň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň edil bosagasynda geçirilmeginiň hem aýratyn many-mazmuny bolup, bir supranyň başyna jemlenen halk wekilleri bilen bedew batly ösüp barýan ýurdumyzyň geljeginiň gülläp ösmegine gönükdirilen düýpli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilen Halk Maslahaty ýurdy dolandyrmakda milli däp-dessurlarymyzy we ýurdy ösdürmek babatyndaky dünýädäki has öňdebaryjy ýörelgeleri utgaşdyrýan, birleşdirýän ýokary döwlet guramasydyr.
Milli Liderimiziň paýhasly belleýşi ýaly, döwlet ähmiýetli soraglary çözmek, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesidir. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň maksatlary diňe bir içerki jemgyýetçilik-syýasy, demokratik-hukuk özgertmeler bilen bagly bolman, eýsem, olar Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýly ornuny has-da berkitmäge, parlamentara dialogy, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmäge hem gönükdirilendir.
Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen halky agzybirlikde bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Bu günki günde her bir ildeşimiz milli demokratiýamyza, asylly ýörelgelerimize buýsanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanýan halkymyz ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Bu bolsa biziň her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde jemgyýetimizde demokratik ýörelgeler halkara hukuk kadalary esasynda pugtalandyrylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi üstünliklere beslenip, uly ruhubelentlikde, agzybirlikde geçiriler.
Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik we tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.
