Habarlar

Makalalar

Wideo

Paýtagtymyzda täze saglygy goraýyş  desgalary açylyp, ulanmaga berildi

2026-10-12

Paýtagtymyzda täze saglygy goraýyş desgalary açylyp, ulanmaga berildi

Mälim bolşy ýaly, 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda giň­den bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Raýatlaryň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar we derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurulýar, saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçilikleri yzygiderli gi­ňeldilýär, innowasion çemeleşmeler we öň­debaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz hemmeleri mähirli mübärekläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralarynyň geçirilýändigini aýtdy we dabara gatnaşyjylary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy, halkymyza hyzmat etjek döwrebap lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýip belledi.

Bellenilişi ýaly, täze gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde iri lukmançylyk merkezleriniň biridir. Ol 500 orundan ybarat bolup, ilata ýokary hilli ýöriteleşdirilen onkologiýa hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenendir. Merkeziň düzüminde gaýragoýulmasyz kabul ediş, maslahat beriş, şöhle we funksional anyklaýyş-radionuklid bejeriş, sagaldyş-dikeldiş, operasiýa bölümleri bilen bir hatarda, dermatologiýa, neýrohirurgiýa, kelle we boýun, çagalar onkologiýasy hem-de onkogematologiýasy, mammologiýa, ginekologiýa, urologiýa, koloproktologiýa, torakal-hirurgiýa, abdominal, ortopediýa, himiýa bejeriş we süňk ýiliginiň transplantasiýasy ýaly 20-den gowrak ýöriteleşdirilen ylmy-kliniki bölümler we barlaghanalar hereket edýär. Bu bölümleriň ählisi dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şeýle-de, Türkmenistanda ilkinji gezek döredilen süňk ýiliginiň transplantasiýasy ylmy-kliniki bölümi uly ýaşly näsaglar we çagalar üçin gemopoetik sütün öýjükleriniň transplantasiýasyny halkara standartlara laýyklykda geçirmek üçin döwrebap şertler bilen üpjün edilendir. Şeýle hem bu ýerde 2 mü­ňe golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Dürli görnüşli bejergi işlerini geçirmäge niýetlenen alty gatdan ybarat bu halkara merkez ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda we hassalary döwrebap usullarda bejermekde ýurdumyzda esasy merkezleriň birine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ulanmaga berilýän saglygy goraýyş desgalarynyň ýene biriniň Stomatologiýa merkezidigini belläp, bu merkeziň häzirki döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda gurlandygyny, bu ýerde 900-e golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi, diş keselleriniň öňüni almak we olary bejermek üçin ähli şertleriň döredilendigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, döwrebap merkezde jemi 20 bölüm bolup, onda raýatlarymyza häzirki zaman stomatologiýa hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredildi. Şeýle hem merkeziň ýatymlaýyn otaglarynda hassalar üçin amatly şertler üpjün edildi. Saglygy goraýyş hyzmatlaryny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin bu ýerde sanly ulgamyň, şeýle hem emeli aňyň mümkinçiliklerinden     giň­den peýdalanylar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Halkara pediatriýa merkezi hem döwrebap merkezleriň biri bolup durýar. Bäş gatdan ybarat, jemi 17 bölümi bolan bu merkezde 1 müňe golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. Halkara pediatriýa merkezi çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenendir. Lukmançylyk hyzmatlary dünýäniň öň­debaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Şoňa görä-de, bu ýerde iň kämil we öň­debaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary ornaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz geljekde hem, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly üns beriljekdigini, döwrebap saglygy goraýyş edaralaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýörite gurnalan monitorda sanly ulgam arkaly Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylara hem görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diň­lenildi.

 Soň­ra hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş toý bagyny kesdi.

Soň­ra hormatly Prezidentimiz binanyň mejlisler zalyna bardy we bu ýerde sanly ulgam arkaly Stomatologiýa merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Soň­ra Stomatologiýa merkezinde döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbine ajaýyp bezeg berýän 80 orunlyk täze Stomatologiýa merkezi döwrebap lukmançylyk enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr we ýokary hünärli stomatologik, äň-ýüz, anyklaýyş hem-de hirurgik kömegi bermek üçin niýetlenendir.

Soň­ra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly il ýaşulusy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti R.Bazarow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Soň­ra Halkara pediatriýa merkezi bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi 3 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalary we ýetginjekleri bejermek üçin niýetlenendir. Merkeziň işiniň esasy ugurlary çagalarda döreýän dürli keselleriň öňüni almaga, olary ýokary takyklyk bilen anyklamaga, döwrebap we netijeli bejergini üpjün etmäge, lukmançylyk taýdan dikeldiş çärelerini geçirmäge hem-de çagalar we olaryň ene-atalary üçin amatly gurşawy döretmäge gönükdirilendir.

Soň­ra Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soň­ra, Döwlet Baştutanymyz Hormat kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soň­ra hormatly Prezidentimiz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň   bölümleri bilen tanyşdy.

Soň­ra hormatly Prezidentimiz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezine, Stomatologiýa merkezine hem-de Halkara pediatriýa merkezine awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa hem-de Halkara pediatriýa merkezleri ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.