Habarlar

Makalalar

Wideo

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

2026-11-27

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2026-njy ýylyň 24-25-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşi tarapyndan guralan «Antalýa Halkara Saýlaw Forumy» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.

Maslahata 23 döwletden merkezi saýlaw toparlarynyň başlyklary, agzalary we beýleki degişli adamlar, şeýle-de, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri forumyň dowamynda daşary ýurtlaryň saýlaw toparlarynyň wekilleri bilen, saýlaw ulgamyny kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullaryny durmuşa ornaşdyrmagyň  ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Forumyň esasy maksady saýlawlara gatnaşmagy ýokarlandyrmakda institusional düzümler we tejribeleriň ähmiýeti, şeýle-de, saýlawlarda tehnologiýalaryň ulanylmagynyň we onuň aç-açanlyga täsiri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen özara gatnaşygy we jemgyýetçilik bilen aragatnaşygy ýola goýmak bilen bagly tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Şeýle hem forumyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda, günüň ikinji ýarymynda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Serdar Mutta bilen hem duşuşdylar.