TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MILLETIŇ DÖREDIJILIK RUHY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň işi döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ösdürilýär hem-de kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýet, sungat ussatlaryna döredijilik ukyplaryny, zehinlerini açyp görkezmäge ähli şertler döredilýär. Milli medeniýetiň we sungatyň ösüşine, dünýä medeniýetinde saldamly orny eýeleýän milli mirasymyzyň, gymmatlyklarymyzyň wagyz edilmegine aýratyn üns berilmegi halkyň kalbyna deňelýän medeniýetiň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyndaky ähmiýetiniň ýokarydygynyň subutnamasydyr.

Medeni syýasat döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu syýasat netijesinde dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dünýä halklarynyň milli medeniýetleri bilen tanyşmaga aýdyň ýol açylýar. Milletleriň ösüş derejesi olaryň milli medeniýetiniň ösüş ýagdaýy bilen kesgitlenilýär. Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen medeniýetimiz hem sungatymyz dostluk köprüsi bolup, dünýä ýaýylýar. Medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Türkmen halky öz döreden we kämillige ýetiren baý milli gymmatlyklary bilen adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan halklaryň biridir. Munuň şeýledigini maddy we maddy däl medeni mirasymyzyň tutuş dünýäde ykrar edilmegi hem ähli aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly: «Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr». Eziz Diýarymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Bagtyýar, abadan-asuda ýurdumyzda toý-baýramlar uly dabaralara beslenip bellenilip geçilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän türkmen medeniýetiniň özboluşly toýy hem döwlet durmuşyndaky taryhy wakalar bilen utgaşyp gelýär. Her ýylda bolşy ýaly, hepdelik Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen jemlenilýär.

Bilşimiz ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda aýratyn dabara bilen bellenip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününde bu ugruň hünärmenleriniň, döredijilik ussatlarynyň taýýarlan ajaýyp sowgatlary halkymyzyň milli medeniýetiniň taryhynda könelmejek sahypalary açyp, hakyky milli türkmen toýuna aýratyn öwüşgin berýär.

Elbetde, munuň özi medeniýete, sungata, beýik söz ussady Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr. Döwlet Baştutanymyz medeniýetiň we sungatyň halkyň ruhy baýlygydygyny. medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýändigini aýratyn nygtaýar. Hut şu nukdaýnazardan, medeniýet halkyň ruhy hazynasy bolup, adamlaryň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam edýär. Çünki, medeniýetde we sungatda şöhratly taryhynyň dowamynda dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri, milli gymmatlyklary, şahyrana dünýäsi, halk döredijiliginiň kämil nusgalary jemlenendir.

Aslyýetinde, türkmen halky diýlende onuň beýik şahyry Magtymguly Pyragy göz öňüňe gelýär, dana akyldaryň ady agzalanda bolsa, türkmen halkynyň mertebesi ýene bir gez beýgelýär. Beýik şahyryň edebi mirasy ähli adamlar üçin durmuşda ýol görkezýän şamçyrag bolup hyzmat etse, ýaşlar üçin görelde, terbiýe hem durmuş mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadanlyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr» diýip belläp geçmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de goşgulary asyrlaryň aýdymyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Azatgül Täçmämmedowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Balkan welaýaty boýunça iş ýöredijisi.