Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda innowasion täzeçillikler ileri tutulyp, gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär. Bu babatda, «Gurýan döwlet – gurply döwlet!» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, taýsyz yhlasyndan, ýürek owazyndan kemal tapan, sebitde ilkinji «akylly» şäher ýörelgeleri we «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy esasynda, Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gojaman Köpetdagyň iň bir gözel, ajaýyp, tebigy taýdan arassa künjeginde bina edilen Arkadag şäheri ýaşlygyň we juwanlygyň, geljegiň, baky bagtyýarlygyň şäheri hökmünde tutuş halkymyzyň guwanjyna hem-de buýsanjyna öwrüldi.
Milli binagärligimiziň häzirki zaman öwüşginleri, iň häzirki zaman inženerçilik çözgütleri esasynda bina edilen Arkadag şäherine dünýäniň iri halkara guramalary tarapyndan güwänamalaryň we sylaglaryň berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwrümiziň binagärlik sungatynyň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pajarlaýan bu şäheriň ösen infrastrukturasy milletiň ruhy dünýäsiniň, medeni gymmatlyklarynyň, döredijilik ukyplarynyň we ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň sazlaşygyny özünde jemleýär.
Türkmen halky geçmişde jahana ýaň salan beýik döwletleri, gözelligi bilen haýrana goýan azym-azym şäherleri gurup, dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolupdyr. Berkarar Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine ýugrulan pähim-paýhasyndan kemala gelen Arkadag şäheri ýagty geljegimiziň nyşany hökmünde äleme şugla saçýar.
Arkadag şäheri bu gün Merkezi Aziýa sebitiniň ösen innowasion tehnologiýalarynyň ägirt uly mümkinçiliklerine daýanýan akylly şäherine öwrülýär. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan Arkadag şäheri örän uly taslamadyr. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň çäginde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Biri-birinden gözel hem-de täsin binagärlik keşbi bilen gözüňi dokundyrýan binalary synlanyňda, olaryň hersiniň özboluşly sungat eserine meňzeýändigine göz ýetirýärsiň.
Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, täze Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biridir. Bu ýerde raýatlarymyzyň okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri we medeniýetli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler, ýokary derejeli amatlyklar döredilendir. Şeýle hem Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda döredilip, ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan sogaply işler ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň täze şäheriň 2-nji tapgyryna ak pata bermegi bilen häzirki wagtda bu şäheriň gurluşygynyň 2-nji tapgyry gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdirilýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň 2-nji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, Ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň etrap häkimliginiň edara binalary, muzeý, «Saglyk» seýilgähi, çagalar seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy (bazar), ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi bina ediler. Şeýle-de, Arkadag şäheriniň demir ýol menzili, awtomobil menzili hem-de awto toplumy we bellige alyş nokady, Seýsmiki yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmiki stansiýa, Söwda we hyzmat ediş toplumy hem gurlar.
Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda tamamlanmaly iri gurluşyklaryň hatarynda, umumy meýdany 34,5 gektara deň, birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berjek, şeýle-de 1500 adama niýetlenen sadaka jaýy bolan, yslam dünýäsinde «Allanyň öýi» hasaplanylýan metjit hem gurlup, ulanmaga berler. Milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanydyr. Şäheriň durnukly ösüşi, ekologik taýdan arassalygy, innowasion çözgütleri üçin köp sanly halkara güwänamalara we baýraklara mynasyp bolmagy bu ýerde iri şähergurluşyk taslamasynyň ýokary derejede durmuşa geçirilendigini görkezýär.
Açylanyna ýaňy iki ýyl bolan, binýady berkden tutulan Arkadag şäheri halkara çäreleriň, maslahatlaryň, forumlaryň, şanly wakalar bilen baglanyşykly dabaraly çäreleriň yzygiderli geçirilýän şäherine öwrüldi. Muňa mysal edip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 29-njy martynda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahaty;
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen esaslandyrylan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, şu ýylyň ýanwar aýynyň 17–26-sy aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ajaýyp ýeňiş gazanyp, festiwalyň Altyn baýragyna hem-de beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli;
şeýle-de, Arkadag şäheriniň adybir 2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» Futbol toparynyň şu ýylyň 10-njy maýynda Kambojada geçirilen AFK-nyň 2024-2025-nji ýyl möwsüminiň Çagyryş ligasynyň final ýaryşynda ilkinji gezek çykyş edip, «Arkadag» Futbol topary Kambojanyň dört gezek çempiony «Preah Khan Reach Svay Rieng» toparyndan üstün çykyp, çempion bolmak bilen, Kuboga we pul baýragyna mynasyp bolmagy bilen baglanyşykly geçirilen çäreleri görkezmek bolar.
Şeýlelikde, beýik ösüşlerimiziň, ýeten belent derejelerimiziň, asuda we abadan Watanymyzyň, döwletliligimiziň çeper binagärlik keşbi bolan Arkadag şäheri baky bagtyýarlygymyzyň, agzybirligimiziň nusgasy, täze taryhy eýýamymyzyň ýalkymy bolup, asyrlara ýaň salar.
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.