Merdana ata-babalarymyzyň mähri siňen mukaddes ata Watanymyzda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent we agzybir halkymyzyň her bir güni uly rowaçlyklara beslenip, toýlarymyz toýa ulaşýar. Asuda, parahat durmuşda ömür sürýän Oguz nesliniň şeýle buýsançly seneleriniň biri hem, eziz Diýarymyzda iňňän uly işleri amala aşyran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan günüdir. Şahandaz halkymyz bu ajaýyp senäni toý-dabaralara besläp, uly buýsanç bilen belleýär.
Çünki, täze eýýamda hormatly Prezindentimiziň baştutanlygynda gazanylýan ähli ýeňişlerdir üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde berkarar Watanymyz dost-doganlygyň, ylalaşygyň merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy täze derejelere çykdy.
Gahryman Arkadagymyzyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Esaslandyryjysy hökmünde alyp barýan asylly işleri hem taryha altyn harplar bilen ýazylmaga mynasyp iň bir sogaply çärelerdir. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, atalaryň pendi nesiller üçin müdimi eýerilmeli tälim-terbiýedir.
Milli Liderimiz türkmen ykbalynyň taryhynda täze, heniz görülmedik ajaýyp sahypalar açylyp ugran pursadynda, her bir adamyň öz işine döredijilikli çemeleşmelidigini, diňe şeýle edilende ajaýyp durmuşy, berkarar döwleti, bagtyýar jemgyýeti gurup boljakdygyny öňe sürüpdi. Täze taryhy döwürde ösüşiň täze tapgyryna gadam basylmagy halkymyzyň agzybirligini, Gahryman Arkadagymyzyň ähli başlangyçlarynyň doly goldawa eýe bolýandygyny, öňde goýlan belent wezipelere mundan beýläk-de üstünlikli ýetiljekdigine çäksiz ynamy görkezdi.
Milli ykdysadyýetimiz bazar gatnaşyklaryna we innowasion-senagat tehnologiýalaryna geçmek bilen, barha kuwwatlanýar, bilim we ylym dünýä derejesine çykýar, medeniýet we sungat täze ösüş belentliklerine eýe bolýar, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy, orny we täsiri has-da ýokarlanýar. Milli Liderimiziň ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemeginiň, häzirki we geljekki nesilleriň durmuş abadançylygynyň derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagynyň bähbidine gönükdirilen syýasatynyň belent ruhy we döredijilik güýji her bir raýatyň kalbynda orun tapýar. Bagtyýar halkymyz asuda, parahat ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşup, ruhubelentlikde döredýär we gurýar.
Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, Watanymyzyň ösüşleriniň dowamat-dowam bolýandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» taryhy ähmiýetli resminama bolup, ol halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň nusgalyk ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly tutumlaryň täze tapgyryna badalga berdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň merjen paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýatlarda, täze Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş maksatly kaşaň desgalar döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegine ýardam berýän giň gerimli milli maksatnamalaryň mynasyp derejede ýerine ýetirilýändiginiň netijesidir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç ýola ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolan Türkmenistanyň bu günki ýeten sepgitleri ýurdumyzyň belent at-abraýyndan habar berýär.
Pursatdan peýdalanyp, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlen ynsanperwer şygar astynda geçýän şeýle buýsançly, şatlykly günlerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!
Bizi şeýle bagtly günlere ýetiren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris!
Aman Amanow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.