TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

RAÝATLARYŇ SAÝLAW HUKUKLARYNYŇ KEPILLIKLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hukuk binýadyny, raýatlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki hukuklaryny, raýat jemgyýetini berkitmäge gönükdirilen özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu özgertmeler ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge, saýlawlary geçirmegiň  häzirkizaman tejribelerini giňden ornaşdyrmaga, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň her bir raýaty üçin häkimiýetiň wekilçilikli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna erkin saýlamak hem-de saýlanyp bilmek babatda giň mümkinçilikler we hukuk kepillikleri döredildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde raýatlaryň iň möhüm syýasy hukuklarynyň birini – saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugyny kepillendirýän milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, şonuň esasynda-da jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Saýlaw hukugy raýatyň iň möhüm syýasy hukuklarynyň biridir. Saýlaw hukugynyň ýörelgeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunyndan özüniň gözbaşyny alyp gaýdýar. Saýlaw hukugy döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň saýlawlary bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalarynyň ulgamydyr. Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň ulgamyny kanunçylyk, hukuk, ykdysady, guramaçylyk, habar kepillikleri düzýär.

Saýlaw hukugy raýatlaryň döwlet häkimiýet edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugydyr. Türkmenistanda raýatlaryň saýlaw hukugy raýatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda göz öňünde tutulan saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak hukugydyr. Saýlawlary we sala salşyklary erkin, adalatly, giň demokratik esaslarda geçirmek arkaly saýlaw hukugy durmuşa geçirilýär. Şu jähtden, saýlawlar jemgyýetiň demokratiýalaşmagynyň esasy çeşmesi bolup durýar.

Saýlaw hukukly raýatlaryň aktiw we passiw saýlaw hukuklary bardyr: Aktiw saýlaw hukugy raýatlaryň saýlamaga bolan hukugydyr. Passiw saýlaw hukugy raýatlaryň saýlanmaga bolan hukugydyr. Käbir ýagdaýlarda raýatlar bu hukuklaryň ikisinden hem birlikde peýdalanýarlar. Saýlaw hukukly raýat dalaşgärlige hödürlenen we bellige alnan bolsa, ol raýat özüniň aktiw hem passiw hukugynyň ikisinden bilelikde peýdalanyp bilýär.

Saýlawlara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Esasy Kanunymyzda saýlaw hukugynyň umumy düzgünleri kepillendirilýär. Saýlaw kodeksi esasynda bolsa raýatlaryň saýlaw hukuklary giňişleýin tertipde kesgitlenilýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklary Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklarda ýüze çykýar.

Raýatlar milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dini garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da beýleki ýagdaýlara garamazdan, göni hem-de özleriniň saýlan wekilleriniň üsti bilen deň hukuklara eýeçilik edýärler. Raýatlaryň deňhukuklylyk ýörelgesi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanyp, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 1-nji maddasynyň: «Ähli adamlar mertebe we hukuklar babatda azat hem-de deň bolup dogulýarlar», 7-nji maddasynyň: «Ähli adamlar kanunyň öňünde deňdirler we olaryň hiç hili tapawutsyz, kanunyň deň goragyna hukugy bar» diýen kadalaryndan gözbaş alýar.

Raýatlaryň saýlaw hukugynyň çäklendirilmegi kanun esasynda gadagan edilýär. Bu hukuk raýatlaryň syýasy, şol sanda saýlaw hukuklary bilen baglanyşyklydyr. Esasy Kanunymyza laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga, saýlamaga we saýlanmaga hukuklary bar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda bellenilen, raýatlaryň saýlawlara netijeli gatnaşmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilen çärelerdir. Şeýle-de, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň hukuk kepilliklerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 91-nji maddasyna laýyklykda, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik kepillendirilendir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 20-nji maddasyna laýyklykda, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň we wezipeli adamlaryň saýlaw toparlarynyň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagyna ýardam etmäge, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olaryň işi üçin zerur bolan jaýlary, enjamlary, ulagy we saýlawlar bilen baglanyşykly maglumatlary muzdsuz bermäge, saýlaw toparlarynyň öňde goýan meselelerine seretmäge we oňa üç günden gijä goýman jogap bermäge borçly edilmegi netijesinde, saýlaw hukuklarynyň guramaçylyk kepillikleriniň amala aşyrylmagy üçin has-da oňaýly şertler döredilýär. Bu giň mümkinçilikler bolsa saýlawlaryň deňlik şertlerinde geçirilmegine uly ýardam berýär.

Eziz Diýarymyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, milli kanunlarymyza we halkara kadalaryna laýyklykda geçirmegiň oňyn tejribeleri toplanylýar. Demokratik saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda raýatlaryň saýlaw hukuklary talabalaýyk üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda bellenilen şertlerde üpjün edilmegi jemgyýetimiziň has-da demokratiýalaşýandygyny, agzybirligiň, jebisligiň biziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzda barha berkeýändigini we dabaralanýandygyny äşgär edýär. Hut şonuň üçin-de biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha ýokarlanýar.

 

Aman Amanow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.