TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ALTYN BAŞLY AK BUGDAÝYŇ HARMANY

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen daýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilmegi, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilmegi edermen daýhanlarymyzyň ene topraga yhlas siňdirip, bol hasyl öndürmäge we belent sepgitlere ýetmäge höwesini has-da artdyrýar.

Oba hojalygynyň döwrebap derejede okgunly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň esasy maksatlarynyň biri bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda babadaýhanlarymyza öndürijilikli zähmet çekmek, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görmek üçin ähli şertler döredilýär.

Ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen daýhanlaryň doly üpjün edilmegi hem-de önüm öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegi munuň şeýledigini äşgär edýär. Çünki, edermen babadaýhanlarymyzyň zähmetiniň netijesinde öndürilýän bol bugdaý hasyly eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, edermen daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdirýän bugdaý hasyly halkymyzyň saçaklarynyň berekedidir, berkarar döwletimiziň abadançylygynyň we mizemezliginiň berk binýadydyr. Edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl hem Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň oňyn netijesidir.

Elbetde, sahawatly topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän ak bugdaý oba hojalyk ekinleriniň iň gadymylarynyň we esasylarynyň biridir. Halkymyzda ak bugdaý tebigatyň genji-hazynasyna, ýaşaýşyň gözbaşyna, bereket-bolçulygyň nyşanyna, eşretli hem abadan durmuşyň özenine deňelýär. Bugdaý we ondan öndürilýän un, çörek we çörek önümleri mukaddes hasaplanylýar. Ata-babalarymyzyň ýörelgelerine eýerýän halkymyzda daýhançylyk käri mertebeli we jogapkärli kesp saýylypdyr hem-de onuň asylly däpleri nesilden-nesile geçirilip kämilleşdirilipdir. Ata-babalarymyz «Baýlygyň eýesi – ýer, atasy – zähmet», «Mal baýlygy – bir gyşlyk, ýer baýlygy – ömürlik» diýen ýaly birnäçe pähimleri döredip, bize miras galdyrypdyrlar.

Şu möwsümde Diýarymyzyň ak ekin meýdanlaryna bol hasyl berýän «Arkadag», «Serdar», «Pyragy» ýaly güýzlük bugdaýyň täze görnüşleri ekildi. Mälim bolşy ýaly, bugdaýyň bu täze görnüşleri ýokary hasyllylygy, däneleriniň iriligi we köp suw talap etmeýändigi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde galla oragy möwsüminde «John Deere», СLAAS ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Gallaçylar üçin satyn alnan ýokary öndürijilikli täze tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär. 2025-nji ýylda ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary azyklyk bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny ýygnap almagy başardylar.

Ýetilen bu sepgitler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän galla önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Agzybir, merdana halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, döwletli başlangyçlary rowaç alsyn!

Harmanyňyza bereket, edermen gallaçylar!

 

Gülälek Gurbangulyýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Mary welaýaty boýunça iş ýöredijisi.