Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyz dünýäniň çalt ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Türkmenistanyň halkara giňişliginde Durnukly ösüş maksatlary boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary yzygiderli goldanylýar.
Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň üçünji gezek tassyklanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi eziz Diýarymyzyň dünýäde uly abraýa eýediginiň aýdyň güwäsidir. Şanly ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Agzybir halkymyz hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde taryhy wakalara, ruhubelentlige besläp, uludan bellär.
Hemişelik Bitaraplyk düşünjesi bize pederlerimizden miras galan, arkama-arka dowam edip gelýän ruhy gymmatlykdyr. Ruhy gymmatlyklar bolsa müdimi ýaşaýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşleriniň özeninde bolsa şu müdimi gymmatlyk ýaşaýar. Döwürleriň ençeme ýyllyk synagyndan geçen, agzybirlige, jebislige, parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan asylly däplerimiz ruhy-ahlak hazynamyzy has-da baýlaşdyrdy. Şeýle ruhy mirasy bolan ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.
Milli Liderimiziň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasyny, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini binýat edinip, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde umumadamzat jemgyýetini agzybirlige, jebislige, dost-doganlyga, döwletleri döwrüň möhüm ýüze çykýan meselelerini bileleşip, dialog arkaly agzybirlik ýoly bilen çözmäge çagyrýar.
Hoşniýetli goňşuçylyk, ählumumy parahatçylyk, dostluk-doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk we oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri ýurdumyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugrunyň esasydyr. Ýurdumyz hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmäge, özara bähbitli meseleleri oňyn çözmäge jogapkärçilikli we ygtybarly çemeleşýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä döwletleri, köp sanly halkara guramalar ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Munuň özi Bitarap Watanymyzyň Merkezi Aziýada parahatçylyk dörediji döwlet hökmündäki abraýyny barha belende galdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserindäki garaýyşlaryna ser salsaň, parahatçylygyň iňňän uly gymmatlykdygyna düşünýärsiň. Ajaýyp kitapda: «Iň uly baýlyk – parahatçylyk. Mal-mülk tapylar, agzybir, asuda ýaşaýşyň bahasy ýokdur. Ýok bolan zadyň öwezini dolup bolmaýar. Parahatçylyk aýalmasa, berbatlyk bolýar. Onuň öwezini asyrlar aşanyndan soňam dolmak öte kyndyr» diýip bellenilýär.
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine eýerýän, halkara başlangyçlary öňe sürýän hem-de Bütindünýä ähmiýetli wezipeleri çözmäge gönükdirilen teklipleri goldaýan döwlet hökmünde tanalýar. Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri bilen yzygiderli amala aşyrylýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri hoşniýetli ýurdumyzyň diňe bir daşary syýasat strategiýasynyň ilerlemeginde däl, eýsem halkara abraýynyň artmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna, parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, deňhukuk-lylyga, hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly daşary syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär we goldanylýar.
Birleşen Milletler Guramasy bilen amala aşyrylýan umumadamzat ähmiýetli işleriň çäklerinde, ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň «Açyk gapylar» ýörelgesine eýerýän daşary syýasatynyň mynasyp derejede amala aşyrylýandygyny äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä üçin hemişe açykdyr. Biz Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde-de ähli zerur işleri amala aşyrarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinden, oňyn Bitaraplyk syýasatyndan gözbaş alýar. Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmek, sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek asylly maksatlarymyz bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji we pähim-parasatly baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmek ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar.
Elbetde, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek saýlaw ulgamynda hem öz mynasyp beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyna gol çekildi.
Bu resminamanyň çäklerinde, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda hem-de 2025-nji ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň halkara bilermenleriniň çykyş etmeginde okuw maslahatlary geçirildi. Bu çärede halkara bilermenleri saýlawlary we sala salşyklary geçirmegiň halkara tejribeleri barada çykyş etdiler. Şu ýylyň dekabr aýyna çenli dowam etjek şol Taslama resminamasyna laýyklykda, geljekde hem şunuň ýaly çäreleriň birnäçesiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň mundan beýläk-de döwrebap derejede üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Parahatçylykly ösüşiň aýdyň ýoly bolan türkmen Bitaraplygynyň halkara derejesinde dabaralanmagy ugrunda ynsanperwer işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.