Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ýaşuly nesillere hormat goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymdan gelýän mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Toý- tomaşanyň ýaraşygy bolan nurana gojalara, güler ýüzli enelere goýulýan hormat, olara bolan söýgi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da artýar.
Il sylagly ýaşulular ýurdumyzda geçirilýän dürli medeni-köpçülik çärelerine, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşyp, halkyň agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkemegine mynasyp goşantlaryny goşup gelýärler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda – 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda, däp bolşy ýaly, türkmeniň milli ruhuny, medeniýetini, asylly häsiýetleri wagyz etmekde aýratyn hyzmatlary bilen ýagşy görelde görkezýän dili senaly ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan enelerimize sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Munuň özi barha ösýän we özgerýän jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, olaryň ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna berilýän ýokary bahadyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işlerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda, agzybirligimiziň we jebisligimiziň has-da pugtalandyrylmagynda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan ýaşuly nesliň beýik maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan dana pikirlerine, paýhasly maslahatlaryna aýratyn ähmiýet berýäris» diýip belleýär.
1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy her ýylyň 1-nji oktýabryny «Ýaşulularyň Halkara güni» diýip yglan etdi. Bu baýramçylygyň guralyşy, oňa berilýän üns dünýäde ýylsaýyn artýar. BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly adamlaryň ýagdaýyna jemgyýetçilik ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen resminama laýyklykda halkara derejesinde bellenip geçilýän bu baýramçylyk ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun eýeleýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu Halkara gün dünýä bileleşigi bilen birlikde Berkarar döwletimizde hem indi birnäçe ýyldan bäri döwlet derejesinde, ýokary ruhubelentlik bilen bellenilýär. Ýaşuly nesle belent sarpanyň, çäksiz hormatyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baý many-mazmunly medeni – jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.
Jebisligimizi we agzybirligimizi pugtalandyrmakda, ata-babalarymyzyň zähmetsöýerlik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde, ähli gujur-gaýratyny mähriban Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etjek ýaş nesilleri terbiýelemekde hormatly ýaşulularymyz biziň esasy daýanjymyz bolup durýar. Ýaşuly nesillerimiziň watansöýüjilik, adalatlyk, halallyk hakyndaky öwüt-nesihatlary jemgyýetimiziň asudalygyny hem-de agzybirligini pugtalandyrýan görelde mekdebidir.
Ata Watanymyzda ýaşululara hormat sarpa belent tutulýar we olar üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzyň milli baýramçylyklarynyň sanawyna Halkara ýaşulular gününiň girizilmegi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşýän il sylagly ýaşulularymyzy, kümüş saçly mähriban enelerimizi bu halkara baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Goý, ýaşuly nesle şeýle belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Goçmyrat Hojaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Daşoguz welaýaty boýunça iş ýöredijisi.