Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli mirasyny dünýäde wagyz etmek we ony gorap saklamak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly gaýtalanmajak tohumlary döreden halkymyz bu naýbaşy tohumlarda iň gowy häsiýetleri terbiýelemek we kämilleşdirmek arkaly olaryň tohum aýratynlygyny şu güne çenli üýtgewsiz görnüşde ýetirmegi başarypdyr.
Häzirki wagtda bu işler döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirilýär. Öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslygy ösdürmek we bu ugurda gazanylýan üstünlikleri, ýetilen derejeleri halkara derejesinde ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýlarynyň şöhraty, ähmiýeti, gymmaty täze derejelere göterildi. Munuň şeýledigini her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň döwlet derejesinde giňden bellenilmegi-de aýdyňlygy bilen subut edýär.
Gadymyýetden gözbaş alan, taryhda öçmejek yz goýan milli mirasymyz adamzat medeniýetiniň gazananlaryna deňsiz-taýsyz goşantdyr. Türkmen halkynyň şan-şöhratyny dünýäde beýgelden gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri saýylýan, edermenligi, wepalylygy, akyllylygy bilen tapawutlanýan meşhur alabaýlarymyzyň şanyna baýram edilmegi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna aýratyn buýsanýan halkdygynyň güwäsidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ynsan bilen türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Ata-babalarymyz ajaýyp alabaý itlerimizde güýçlüligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň ajaýyp nyşanyny görüpdirler. Türkmen alabaýlary gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes ojaklaryň ýaraşygydyr, goragçysydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli buýsanjydyr» diýip belleýär.
Alabaý halkymyzyň durmuşynda, halk döredijiliginde, edebiýatymyzda asyrlar boýy möhüm orun eýeläp gelýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip belleýär.
Halkymyz seçgiçilik işiniň gaýtalanmajak nusgasyny dünýä bagyş etmek bilen çäklenmän, olarda iň gowy häsiýetleri terbiýelemek we kämilleşdirmek arkaly gadymy tohumyň arassa ganlylygyny, onuň genofonduny ýüzýyllyklaryň dowamynda gorap saklapdyrlar. Häzirki döwürde biz halkymyzyň buýsanjy we bahasyz gymmatlygy bolan ajaýyp alabaý tohumynyň şan-şöhratynyň belende galýandygynyň şaýady bolýarys.
Ýurdumyzda nusgalyk türkmen alabaýlaryna halkymyzyň medeniýetiniň möhüm bölegi hökümde garalýar. Ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly bäsleşik, türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişi, şeýle-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň mejlisi geçirilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda milli itşynaslara «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakylýar.
Milli taryhy-medeni mirasymyzy dünýäde tanatmak, ony gorap saklamak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Alabaýlaryň tohumçylyk işini ösdürmek we gaýtalanmajak bu tohumy mundan beýläk-de kämilleşdirmek bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlarydyr.
Hünärmenler alabaýy beýleki tohumlaryň täsirine sezewar bolmadyk hem-de özüniň gadymy genotipini arassa görnüşde saklap galan ýeke-täk tohum hasaplaýarlar. Türkmenistanyň gadymy oturymly mekanlarynda alabaýlaryň mesgen tutan ýerlerine duş gelinýär. Arheologlar Ahal welaýatynyň çägindäki gadymy Jeýtunda biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda ýaşap geçen, uly kelleli hem-de kuwwatly äňli äpet alabaýyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Munuň özi 6 müň ýyl mundan ozal hem gadymy ata-babalarymyzyň alabaýlary ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär.
Tejribeli itşynaslar alabaýlary ösdürip ýetişdirenlerinde güýç ulanmak arkaly temmi çärelerine ýol bermeli däldigine oňat düşünýärler. Bu işde olaryň hormatyna mynasyp boljak derejede çemeleşmeli, şonda ol seniň hakyky wepaly dostuňa öwrülýär. Asyrlaryň dowamynda geçirilen seçgi işleri alabaýlarda bu häsiýetleri terbiýelemäge ýardam etdi. Olar türkmen halkynyň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjeleriniň jemlenmesi bolup, halk medeniýetiniň aýrylmaz bölegini emele getirýär.
Halkymyzyň göz guwanjy we milli mirasy bolan türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.