TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ÝAŞYL TOKAÝ ZOLAKLARY – EKOLOGIÝANYŇ ABADANÇYLYGY

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesi giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly uly üstünliklere we taryhy wakalara beslenýär. Milli Liderimiziň başyny başlan beýik işleri bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň ilkinji günlerinden başlap, özüniň saýlap alan bitaraplyk, parahatçylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edildi. Garaşsyz Türkmenistan ýer ýüzünde parahatçylygy, ynsanperwerligi dabaralandyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen syýasaty dünýäde giňden ykrar edilýär.

Elbetde, güneşli ülkämizi bagy-bossanlyga öwürmek çäreleri hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biri bolup, bu asylly däp nusgalyk derejede dowam etdirilýär.

Ýurdumyzda Döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyp, bu asylly işe badalga bermegi nesiller üçin nusgalyk ýoldur, görelde mekdebidir. Bag nahallaryny köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly dabaralar halkymyzyň agzybirliginiň, döwletli işe ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabyň «Tebigat we zähmet hakynda» diýen bölüminde tebigatyň gymmatly baýlyklary bolan ösümliklere, haýwanlara, topraga, suwa degişli atalar sözleri, nakyllar getirilýär. Bu kitapdaky bag bilen baglanyşykly «Bir nahal ekseň ýaşyň baky», «Saýany ekmedik salkynda ýatmaz», «Ýüz agaç eken oduna gitmez», «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň» diýen ýaly nakyllardyr atalar sözlerinde bag ekmegiň we oňa ideg etmegiň möhümdigi nygtalýar. 

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektar ýeri tutýan tokaý zolaklary döredildi hem-de bu ýerlerde amatly howa gurşawy emele getirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gök zolaklary döretmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär.

Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaýlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak, biologik dürlüligi gorap saklamak, ekologiýa taýdan amatly şertleri döretmek, tokaýçylygy ösdürmek, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ekologiýa ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak hem-de tokaýçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ekologiýa syýasatynyň aýrylmaz bölegidir.

Tebigatda tokaý agaçlarynyň we beýleki ösümlikleriň ähmiýeti öran uludyr. Ösümlik dünýäsi tebigatyň deňagramlylygyny saklaýar hem-de ýaşaýşyň gözbaşy bolup çykyş edýär. Baglar «Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýär. Bir gektar ýerde ösýän agaçlar her ýylda howadan 50-70 tonna tozany sorup alýarlar. Howany mehaniki arassalamak usullaryndan başga-da, ýaşyl agaçlaryň täsiri bilen, onuň biologik taýdan arassalanmagy hem bolup geçýär. Haçan-da, howa agaç şahalarynyň arasyndan geçen mahaly onuň bölüp çykarýan gazlary — fermentleri kesel dörediji mikroblaryň köpüsini ýok edýär. Adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklarynyň howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmekde, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, biodürlüligi gorap saklamakda ähmiýeti örän uludyr. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy», şeýle hem «Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamalarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmen halky ähli döwürlerde-de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ekologiýa abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda tokaýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan tutumly işler Türkmenistanyň daşky gurşawy gorap saklamak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlarynyň, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan, Çölleşmä garşy göreşmek, Biodürlülik baradaky konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalaryň berjaý edilmegine we Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly itergi berýär.

Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň we halklarynyň tagallalaryny ekoabadançylygy berkitmek ýaly möhüm ugra gönükdirmek ugrunda alyp barýan işleri hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynyň ynsanperwer keşbini hem açyp görkezýär. Türkmenistan diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilýän ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürýär.  

Ekoabadançylyk sagdyn durmuşdyr, tämiz howadyr. Ekoabadançylyk bagtyýar durmuşyň özenidir. Daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklarymyzy köpeltmäge we olary ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin netijeli peýdalanmaga her bir wagtdakysyndan has köp üns berilmegi netijesinde ýurdumyz bagy-bossanlyga öwrülýär.

Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!

 

Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.