TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÄZE ÝYL — BEDEW BATLY ÖSÜŞLERE BADALGA!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda şanly seneler, goşa-goşadan gelýän toýdur baýramlarymyz ýokary guramaçylykly ýagdaýda, uly şatlyk hem şowhun bilen bellenilip geçilýär. Ruhy dünýämizi şadyýanlyga besleýän şol ajaýyp baýramlaryň biri hem Täze ýyl baýramçylygydyr.

Aslyýetinde, Täze ýyl  maşgala baýramçylygydyr. Täze arzuwlar, islegler, maksatlar bilen geljege gadam basýan täze ýylymyz her bir ojakda şatlykly garşylanýar. Maşgala agzalarynyň ählisiniň bir saçagyň başynda jem bolup, bu baýramy dabaraly garşylamagy agzybirligiň ajaýyp nusgasydyr. Baýramçylyk saçagymyzyň dürli naz-nygmatlar bilen bezelmegi bolsa, rysgal-bereketlilikden, eşretli durmuşdan nyşandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyly Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň  şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 2025-nji ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde ägirt uly işler bitirildi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan ýokary görkezijiler ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň gowy netijelerine şaýatlyk edýär.

Elbetde, bu taryhy ýylda saýlaw ulgamynyň işinde hem oňyn netijeler gazanyldy, bu babatda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilendigini, şeýle-de,  Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň degişli çäreleriniň guramaçylykly amala aşyrylandygyny aýratyn bellemek bolar.

Dünýä halklary bilen bir hatarda ata Watanymyz Türkmenistan hem ýetip gelen täze — 2026-njy ýyly uly ösüşler bilen döredijilik ruhunda garşy aldy. Täze ýyl baýramynyň bellenilen günlerinde ýurdumyzyň ähli künjegi aýratyn owadan görnüşe bürendi. Şaýollarda we meýdançalarda gurnalan baýramçylyk bezegleri, Täze ýyl arçalary, yşyklandyrylan binalar baýramçylyk gurşawyny döretdi.

Täze ýyl dünýä halklarynyň iň söýgüli we giňden bellenilýän baýramlarynyň biri bolup, ol täze umytlaryň, täze başlangyçlaryň we ak arzuwlaryň nyşanydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda agzybir halkymyza ýatdan çykmajak bagtly pursatlary bagyş etjek täze — 2026-njy ýyl hem taryhyň sahypasynda mynasyp orun tutar.

Ozaldan däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi. Türkmen halky täze ýylyna uly ynam, ýokary ruhubelentlik bilen gadam basdy. Geçen ýylda ýetilen belent sepgitleri badalga edinip, täze ýylyň has jogapkärli wezipelerine abraý bilen hötde gelmek üçin her birimiz öz ornumyzda döredijilikli zähmet çekmelidiris. Çünki, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip pähim-parasatlylyk bilen aýdyşy ýaly, halkymyzyň päk zähmeti ösüş-özgerişli aýdyň ýolumyzyň rowaçlanmagynyň ygtybarly kepilidir.

Asuda, parahat asmanymyzyň astynda rowaçlyklara beslenjek Täze — 2026-njy ýylda okgunly ösüşleri maksat edinip, öňe bedew bady bilen gadam urýan eziz Watanymyza beýik işler, uly ýeňişler, şanly wakalar hemra bolsun. Ak arzuwlara beslenip gelen Täze ýyl her bir ynsanyň umyt-arzuwlaryny hasyl eýlesin, maşgala ojaklarymyz rysgal-döwletli bolsun!

Bagtyýar türkmen halkyny ösüşleriň täze belentliklerine, nurana ertirlere ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi — Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, agzybir, bagtyýar türkmen halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Täze ýylyňyz düşümli bolsun, eziz watandaşlar!

 

Merjen Kuliýewa,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.