Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, saýlaw ulgamyna hem aýratyn uly üns we ýardam berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Türkmen döwletiniň, milli jemgyýetiň syýasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirip, milli demokratiýany çuňlaşdyrmak, raýat jemgyýetini ösdürmek, halkymyzyň syýasy işjeňligini artdyrmak ugrundaky we saýlaw ulgamynyň işiniň ösdürilmegine, bu ugurda dünýä tejribesiniň giňeldilmegine ýardam berjek çäreleri işläp düzeris» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçmegi diýseň buýsandyryjydyr.
Eziz Diýarymyzda geçirilýän saýlawlar öz köküni ata-babalarymyzyň milli demokratik ýol-ýörelgelerinden alyp gaýdýar. Asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen bu ýörelgeler häzirki zaman talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylyp dowam etdirilýär. Saýlaw ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, ony milli ýörelgelere esaslanyp, has-da baýlaşdyrmak bilen bagly giň gerimli işler alnyp barylýar. Demokratik saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Saýlaw kodeksi esasynda raýatlaryň saýlaw hukuklary talabalaýyk üpjün edilýär.
Saýlawlary bellemek: Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary olaryň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna azyndan üç aý galanda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bellenilýär. Saýlawlaryň guramaçylyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen degişli saýlawlaryň geçiriljek senesi bellenilenden soň, Merkezi saýlaw topary öz mejlisinde karar kabul edýär we saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär.
Saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmek: Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi topar saýlaw möwsüminiň başlanýandygy hakynda saýlawlar gününe çenli azyndan ýetmiş gün galanda yglan edýär.
Aslyýetinde, Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlary bellemek hakyndaky kararynyň, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmek hakyndaky kararynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirilmegi, saýlaw möwsüminiň ilkinji ädiminiň aýanlyk ýörelgeleri bilen başlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Saýlaw möwsümi: Bu möwsüm saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek bilen bagly birnäçe tapgyrlary öz içine alýar. Elbetde, taýýarlyk işleri saýlaw möwsümini yglan etmek, saýlaw uçastoklaryny döretmek, olary enjamlaşdyrmak, dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak, milli hem-de halkara synçylary bellige almak, wagyz işlerini guramak, ses bermegi geçirmek, onuň netijelerini jemlemek hem-de yglan etmek ýaly köp sanly çäreleri öz içine alýar.
Mundan başga-da, saýlaw möwsüminiň demokratik kadalara laýyklykda geçirilmegi üçin, onuň aýanlyk ýörelgeleriniň üpjün edilmegi esasy şertleriň biri bolup durýar. Saýlaw işleriniň aýanlygy we açyklygy dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen üpjün edilýär.
Saýlaw möwsüminiň jogapkärçiligi diýip, saýlaw möwsüminiň yglan edilen gününden başlap, tä saýlawlaryň netijeleri resmi taýdan yglan edilýänçä, saýlawlara taýýarlyk işleriniň, ses berlişiň, sesleriň sanalyşynyň we beýleki ähli çäreleriň kanunalaýyk ýerine ýetirilmegi bilen bagly bolan meýilnamalaýyn işlere düşünilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, berkarar döwletimiziň ösüşli ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy esasynda, halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan eziz diýarymyzda jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak il-ýurt bähbitli döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda demokratik ýörelgeler esasynda yzygiderli geçirilýän saýlawlar hem şaýatlyk edýär.
Saýlawlar jemgyýetçilik durmuşynda raýatlaryň syýasy hukuklarynyň iň esasylarynyň biridir. Demokratik saýlawlar raýatlaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen, halkyň geljekki ykbalyna täsir edýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Şonuň üçin jemgyýetde demokratik ýol-ýörelgeleriň pugtalandyrylmagynda, döwletiň halkyň erk-islegleri, adyllyk, adalatlylyk esasynda sazlaşykly ösdürilmeginde, raýat jemgyýetiniň kämilleşdirilmeginde, raýatlaryň öz kanuny hukuklaryna we borçlaryna, il-ýurt bähbitli, ykbal kesgitleýji meselelerde jogapkärçiligine çuň düşünmeginde saýlawlaryň örän uly orny bar. Has anyk aýdanyňda bolsa, saýlawlar jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň dabaralanmagynyň esasy guralydyr.
Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!
Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.