TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

26 Ýan

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda, hepdäniň şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda käbir saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Mejlise Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary we edarasynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralarynyň  milli synçylar boýunça jogapkär wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanyndaky iş toparlarynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, esasan, meseleleriň dördüsine seredildi. Has takygy:

2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek saýlawlar boýunça taýýarlyk işleri hakynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň habarlary diňlenildi;

Şol saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy;

Saýlawlar boýunça 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan 28-nji fewraly aralygynda dalaşgärleri hödürlemek hem-de 2019-njy ýylyň 9-njy fewralyndan 5-nji marty aralygynda bolsa, dalaşgärleri bellige almak möwsümidigi yglan edildi.

Şeýle-de bu saýlawlaryň maliýe üpjünçiligi bilen bagly meselä hem seredildi we öňde agzalyp geçilen meseleler boýunça degişli kararlar kabul edildi.

Mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek bu saýlawlara taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär.

Mejlise gatnaşyjylar «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň baharynda geçirilýän saýlawlaryň milli ýörelgelere  hem-de halkara kadalaryna laýyklykda,  demokratik şertlerde amala aşyrylmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

30 Ýan
Saýlawlara taýýarlyk: okuw maslahatlary geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...