Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň baýlyklaryny artdyrmak baradaky meseleler döwletimiziň üns merkezinde bolup, arkadag Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde, her ýylyň ýaz, güýz pasyllarynda ýurdumyzda bag oturtmak işleri asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçen şenbe güni ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli güýz möwsümine badalga berildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 26-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň günorta bölegine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini şu ýerde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şonuň bilen baglylyk-da, şenbe güni geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 153 gektar meýdany eýeleýän medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde we töwereginde arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowrak düýbi oturdyldy. Bu ýerde agaç ekmekden başga-da, ozal bar bolan baglara ideg işleri geçirildi.
Köpçülikleýin bag ekmek dabaranyň çäklerinde, bir günüň dowamynda ýurdumyz boýunça jemi 4 million 248 müň 740 düýp pürli we beýleki agaç nahallary ekildi. Şol sanda Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarymyzda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün öň bar bolan 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna hem ideg edildi.
Milli Liderimiziň tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek baradaky başlangyçlary halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Dag derelerinde we baýyrlyklarda häzir arça agaçlarynyň tokaýlyklary döredildi, olaryň sany eýýäm onlarça milliona ýetýär. Garaguma mahsus bolan sazak, gandym, çerkez ýaly agaçlaryň ekilýän ýerleri hem özgerýär. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasy indi asylly däbe öwrüldi. Aslynda-ha, türkmen halky ene topragyny asyrlarboýy bagy-bossanlyga öwürmegi arzuw edipdir. Bag oturdan adam hemişe aýratyn hormata eýe bolupdyr.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ekilýän bag nahallary tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşar, ekologiýa abadançylygyny üpjün eder. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly belleýşi ýaly, bag ekmek gadymy topraga adyňy müdimi ýazmakdyr. Zähmetsöýer pederlerimiz gadym döwürlerden bäri ajaýyp baglary döretmegiň inçe syrlaryny öwrenipdirler hem-de nesilden-nesle miras galdyrypdyrlar.
Hormatly Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen şu ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň hem-de üzümiň 30 million düýbüni oturtmak bellenildi. Şolaryň 10 milliony paýtagtymyzyň töwereginde ekiler.
Eziz Watanymyzy gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwürmekde uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-halk bähbitli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...