2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Saýlawlara taýýarlyk görülýän we ses berilýän günler halkara jemgyýetçiliginiň synçy nazary Türkmenistana gönükdi.
Saýlawlaryň geçişine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy ýaly halkara guramalarynyň wekilleri, dünýäniň dürli döwletlerinden gelen halkara synçylary, şeýle-de halkara guramalarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň halkara synçysy hökmünde bellige alnan wekilleri ses berilýän gün saýlaw uçastoklaryna baryp, saýlawlaryň we ses bermegiň geçişi bilen tanyşdylar. Saýlawlaryň geçişine halkara synçylarynyň 75-si syn etdi.
Synçy hökmünde Türkmenistana gelen halkara guramalarynyň synçylary Türkmenistanyň umumy ykrar edilen demokratik kadalara ygrarlydygyny, saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, guramaçylykly, bäsleşik esasynda geçirilendigini bellediler.
Munuň şeýledigini şu günler halkara guramalaryndan Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparyna gelip gowuşýan hatlar, şol guramalaryň saýtlarynda ýerleşdirilýän beýannamalar hem tassyklaýar.
«Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylarynyň işi üçin döredilen şertler saýlaw möwsümine syn etmegi ýokary derejede guramaga we saýlawlaryň geçirilişi barada dogruçyl beýannama taýýarlamaga şert döretdi. Türkmenistanyň saýlaw toparlarynyň işgärleriniň özlerine ynanylan işe jogapkärçilikli çemeleşmekleri saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etdi» diýlip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedewiň hatynda bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna syn eden Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Synçylar toparynyň beýannamasy aşakda görkezilen netijeler bilen jemlenilýär:
«Synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda geçirilendigini belleýär.
Synçylar topary Prezident saýlawlarynyň açyk, hakyky, demokratik ýagdaýda geçendigini we Türkmenistanyň mundan buýanky demokratik ösüşinde möhüm ädim bolandygyny tassyklaýar.
Synçylar topary tarapyndan Prezident saýlawlarynyň kanunylygyna şübhe döreden, milli kanunçylygyň kadalarynyň bozulan halatlary bellige alynmady.
Synçylar topary Türkmenistanyň halkyny saýlawlaryň jemlenmegi bilen gutlaýar we ýurduň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny hem-de durmuş-ykdysady ösüşini pugtalandyrmak ugrundaky işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny, täze üstünlikleri we gülläp ösüşi arzuw edýär».
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...