TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

01 Awg

Galla — rysgal-berekediň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň rowaçlyga beslenýändiginiň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda uly özgerişler we ösüşler amala aşyrylyp, ilatyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Oba hojalygynda ýaýbaň­landyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Diýarymyzda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwletimiz daýhanlar üçin ähli şertleri döredýär. Olar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary hem-de suw bilen doly üpjün edilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň üns-aladasynyň netijesinde şu ýyl bugdaý hasyly has-da bereketli boldy, orak möwsümi hem ýokary derejede alnyp baryldy. Gün nu­ru­na al­tyn­sow öwsüp, my­la­ýym şe­ma­la yg­şyl­da­ýan, tol­kun atyp du­ran ha­syl­ly meý­dan­lar be­re­ket-bol­çu­ly­gyň, ha­lal zäh­me­tiň ny­şa­ny bolup gö­rün­ýär. Bu gün­ki gün ata Wa­ta­ny­myz­da azyk bol­çu­lygy­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len sa­ha­wat­ly hem-de buý­sanç­ly çöz­güt­ler   hal­ky­ň hal-ýag­da­ýy­ny has-da ýokar­lan­dyr­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hormatly Prezidentimiziň мukaddes Mekge-Medinä eden zyýaratynyň yzysüre Arkadagly Serdarymyzyň ak patasy, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, «Çä­ji­ňe be­re­ket!» di­ýen söz­ler    bi­len ýurdumyzda galla oragyna girişildi. Galla oragy gysga möhletli, üstesine-de örän jogapkärli möwsüm. Ekin meýdanlarynda ýetişen hasyly yrýa etmän ýygnap almak ýokary başarnygy, guramaçylygy talap edýär. Halkymyzyň arasynda: «Ekin ekseň bugdaý ek...» diýlip aýdylýan      ajaýyp söz bar. Munuň özi ak ekine — bugdaýa uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ene topraga ak bugdaýyň tohumyny ekmek, ondan bol hasyl almak sogap iş hasaplanýar.

«Zähmet soňy — rehnet» diýleni. Halal hem tutanýerli zähmet hemişe oňyn netije berýär, ynsany belent mertebäniň eýesi edýär.

Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli hemaýat-goldawy bilen ruhlanyp işleýän oba hojalyk toplumynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň bu pudagy düýpli ösüşlere eýe etmek babatynda kabul edýän taryhy çözgütlerine mynasyp iş bilen jogap bermegi başarýarlar.

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ta­ry­hy ýaz­gy­lar ak bug­daýyň iň iri eke­ran­çy­lyk zo­la­gy­nyň bi­ziň ýur­du­myz­da ýer­le­şen­di­gini tas­syk­la­ýar. Daý­ha­nyň al­ty aý guwanjy hasaplanylýan bug­daý tu­tuş adam­za­dyň azyk go­ru­nyň bin­ýa­dy­dyr.

Şeýlelikde, Watanymyzyň eder­men gal­laçy­la­rynyň yh­las­ly zäh­me­tiniň neti­je­sin­de ekin meý­dan­la­ryn­da bug­da­ýyň bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Rysgal-bereketiň gözbaşy bolan guşgursak ak bugdaýyň her dänesini zere deňeýän ruhubelent babadaýhanlarymyz Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Olar 690 müň gek­tar meý­dandan 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak däne ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.

Gallaçy daýhanlarymyzyň bu gazanan zähmet ýeňşi Arkadagly Serdarymyz tarapyndan oba senagat toplumyny ösdürmek baradaky edilýän aladalara, netijeli zähmet çekmek babatda döredilen şertlere mynasyp jogapdyr.

Galla — rysgal-berekediň çeşmesi. Çä­ji­ňi­ze be­reket, türk­men daý­ha­ny! Goý, bereketli sa­çak­la­rymyz he­mi­şe ak bug­daý unun­dan bi­şi­rilen türk­men çö­re­gin­den do­lup-daş­syn!

30 Ýan
Saýlawlara taýýarlyk: okuw maslahatlary geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...