Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly möhüm taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu sene täze bir döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň başlanan ýyly hökmünde şöhratlandy. Ine, şeýle taryhy wakalaryň biri hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 15-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahatydyr.
Geçen asyryň ahyrlarynda, has takygy 1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, döredilenden bäri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatynyň 22 -si geçirildi. Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi bar. Birleşigiň daşary ýurtly şahsy agzalarynyň sany 345-e ýetip, olar dürli ugurlarda oňyn işleri alyp barýarlar.
Başymyzyň täji bolan Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Eziz Watanymyzyň dünýä dolan abraýy-mertebesi, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, döwletliligimiz hem-de rowaçlygymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz kemala geldi, dünýä bileleşigi bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy» diýip bellemegi, bu birleşigiň ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagynda aýratyn wajyp ähmiýete eýedigini äşgär edýär.
Dünýäniň dürli künjeklerinde hemişe ata Watanyny küýsäp ýaşaýan türkmenleri bir supranyň başynda jemlän maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, türkmenler müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, nirede ýaşasalar-da, özleriniň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, halk döredijilik eserlerini asyl durkunda saklap bilipdirler. Bu biziň öz milli dilimize, milli duýgularymyza hem-de milli däp-dessurlarymyza aýratyn uly hormat goýýan halkdygymyzy görkezýär diýip nygtady.
Şeýle-de, forumda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işi barada Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen wekiller ruhubelentlik bilen çykyş etdiler. Mundan başga-da, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz hakynda atalyk aladasynyň edilýändigini, bu ugurda halkara derejesinde maglumat giňişliginiň döredilýändigini aýratyn belledi.
Agzybirlikde, şowhunly we guramaçylykly geçen forumyň çäklerinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, guramanyň agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň birnäçe wekillerini «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Baýramçylyk ruhunda geçirilen taryhy foruma gatnaşyjylar daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň işine yzygiderli üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...