Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-3-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň degişli wekiliýetiniň agzalary bilen resmi sapary amala aşyrdy.
Resmi saparyň maksatnamasynyň çäklerinde 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň formatynyň dürli wezipeleriň köpüsiniň çözülmegini göz öňünde tutýandygyny belläp, olaryň esasylary barada durup geçdi we parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň guraly hökmünde parlament diplomatiýasynyň ähmiýetini nygtady. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu gol çekilen Ylalaşyk geljekde iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde 2-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşdy. Duşuşyga iki ýurduň wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynda bolan resmi saparynyň çäklerinde 3-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Şeýle-de, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna — Gahryman Arkadagymyza iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda, Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» diýen orden dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýokary derejeli döwlet sylagy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, munuň özüne bildirilen uly hormatdygyny we taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasynda, hakykatdan-da, hemişe dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygynyň durýandygyny ýene-de bir gezek subut edýär. Bize hem Siziň bilen bilelikde däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşandymyzy goşandygymyzy bellemek ýakymlydyr diýip aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikler, duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...