2022-nji ýylyň 28-nji noýabry – 2-nji dekabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti paýtagtymyzda saparda boldy.
Saparyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň uly geňeşçisi Alekseý Gromow we ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň geňeşçisi Hamadziripi Munikwaň gatnaşmagynda duşuşyk boldy. Duşuşyga Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow, şeýle-de Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça düýbi tutulan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ikitaraplaýyn we köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelidigini kanagatlanma bilen bellediler.
Soňra Merkezi saýlaw toparynyň başlygy şeýle diýdi: «Biziň döwletimiz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär».
Duşuşykda myhmanlara ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, şonuň bilen birlikde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, şeýle hem degişli saýlaw toparlarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada giňişleýin gürrüň berildi.
Duşuşygyň dowamynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň uly geňeşçisi Alekseý Gromowa söz berildi. Ol myhmansöýerlik bilen garşylanandygy üçin hoşallyk bildirdi. Saparyň esasy maksadynyň 2023-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek parlament saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmakdygyny beýan etdi. Geljek ýylda geçiriljek parlament saýlawlaryny guramaçylykly geçirmekde ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri hem-de bu babatda zerur bolan bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bulardan başga-da, saýlaw işine dahylly adamlar üçin halkara guramalary tarapyndan guralýan seminar okuw maslahatlarynyň ähmiýeti barada durlup geçildi. Hususan-da, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň guraýan seminar okuw maslahatlarynyň geçirilişine üns çekildi.
Şeýle hem, wekiliýetiň saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynda we jemgyýetçilik guramalarynda hem şular ýaly duşuşyklar geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň döwletimiziň halkara syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini, mundan beýläk-de şeýle boljakdygyny belleýär. Halkara guramalary bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlip, şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolýar.
Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň 23-nji sentýabrda geçirilen Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görülýändigini aýratyn nygtadylar.
Şeýle-de, ýurdumyzda geljekde hem saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde peýdaly boljak şular ýaly duşuşyk-maslahaty geçirmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize – Arkadagly Serdarymyza hoşallyklaryny aýtdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...