TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

06 Dek

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar

Halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha ýokary göteririlýän ýurdumyzyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine iş saparyny amala aşyrdy.

Uly hormat we mähir bilen garşy alnan Arkadagly Serdarymyz ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi. Şeýle hem häzirki günlerde Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň sport baýramçylygyna bildirýän gyzyklanmasy ýurdumyzda sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden futbolçylary we sportuň örän özüne çekiji bu görnüşiniň janköýerlerini Katar Döwletine jemledi. Katar Döwletinde öň hem uly halkara ýaryşlary geçirilipdi. Muňa mysal edip, Aziýa oýunlaryny görkezmek bolar. Ýöne Futbol boýunça dünýä çempionaty Katarda ilkinji gezek geçirilýär.

Elbetde, Katar Ýakyn Gündogarda sporta örän uly üns berýän döwletleriň biri hasaplanýar. Dohanyň merkezinde, ýurduň iň beýik «Aspire Tower» binasynyň eteginde ýerleşen halkara «Halifa» stadiony «Doha Sports City» sport toplumynyň düzümine girýär hem-de 1976-njy ýylda açylan pursadyndan başlap, Kataryň esasy futbol stadiony bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentidir, «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adyň eýesidir. Sport ugry boýunça gatnaşyklar baradaky meseleler daşary ýurtlara guralýan saparlaryň maksatnamasyna, ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň gün tertibine yzygiderli girizilýär.

Hormatly Prezidentimiz Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň geçirilýän «Halifa» stadionynda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurtda ilkinji gezek geçirilýän halkara sport forumynyň ýokary guramaçylygyny belläp, munuň ýylyň iri çäresi bolmak bilen, tutuş dünýädäki adamlaryň durmuşynda sportuň gymmatlyklaryny we ähmiýetini öňe ilerletmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini «Halifa»  stadionynyň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen ýörite ýerinde Katar Döwletiniň Premýer-ministri, içeri işler ministri Halid bin Halifa bin Abdul Aziz Al Tani mähirli mübärekledi.  

Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy.

FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparynyň sport ulgamynda, aýratyn-da, futbol babatda halkara derejedäki gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetlidigini belledi. Türkmenistanda sport we Olimpiýa hereketiniň giň­den ösdürilýändigine üns çekilip, sportuň futbol görnüşini giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda halkara derejesinde tagallalary birleşdirmekde FIFA-nyň ýardam bermeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine bolan şu gezekki sapary we geçirilen gepleşikler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga giň mümkinçilik berjekdigine şaýatlyk edýär.

Mukaddes ata Watanymyzda beýleki ugurlar bilen birlikde sporta aýratyn sarpa goýup, ony ösdürmekde, ýaş nesli sporta köpçülikleýin çekmekde uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Beýik maksatly, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...

11 Iýun
Welaýat saýlaw toparynyň düzümine üýtgetme girizildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...

03 Iýun
Türkmenistan – Mongoliýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....

02 Iýun
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...