TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

15 Dek

Geljegi nazarlaýan üçtaraplaýyn duşuşyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenip, taryhy ähmiýetli şanly wakalar bilen baýlaşýar. Ine, şeýle taryhy wakalaryň biri hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 14-nji dekabrynda bolup geçdi. Şol gün Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde ýokary derejede Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň  döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäniň dürli döwletleri hem-de iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesini barha belende galdyrýar.

Gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni gatnaşyklar türkmen, azerbaýjan we türk  halklaryny biri-birine has ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. Şu ýerde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň paýhasly setirleri bagtyýar ýadymyza düşýär:

Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan, 
Her iş tutsaň, ol guwanar ýanyňdan.

Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň halklaryny köpasyrlyk taryhy dost-doganlyk gatnaşyklary, dil, din, medeni miras we umumy ynsanperwer ýörelgeler baglanyşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaý­janyň we Türkiýäniň halklarynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy, medeni we ruhy däpleriniň umumylygy dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, häzirki döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.  

Häzirki wagtda bu ýurtlar köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ulgamlarda bilelikdäki giň gerimli işleri amala aşyrýarlar, şunda energetika, ulag-logistika, söwda-ykdysady ulgamlaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenendir. Üçtaraplaýyn gatnaşyklarda ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrundaky tagallalaryň birleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär.

Bu sammitiň barşynda ýokarda agzalan ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary we döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde durýan beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammitde seredilýän möhüm meseleleriň biri hem Türkmenistanyň energiýa çeşmeleriniň Ýewropa bazarlaryna ugradylmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boldy.

Parahatçylyga we hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanyp geçirilen bu sammit halkara derejesinde uly ähmiýete eýe boldy. Geljegi nazarlaýan bu syýasy ähmiýetli sammit barada dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Mundan başga-da, döwlet baştutanlarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra  duşuşygyň jemleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Sammit tamamlanandan soňra, üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, duşuşygyň jemleri barada habar berdiler.

Şeýle-de, şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz birinji üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlary bilen duşuşdy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň «Awaza» duşuşygy däp bolan türkmen — azerbaýjan — türk halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm taryhy ähmiýetli waka boldy.

Berkarar döwletimiziň başlangyjy esasynda ata Watanymyzda ilkinji gezek  geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti taryhy waka bolup, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýolunda geljegi nazarlaýan täze sepgitlere çykmada giň ýol açar.

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...

11 Iýun
Welaýat saýlaw toparynyň düzümine üýtgetme girizildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...

03 Iýun
Türkmenistan – Mongoliýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....

02 Iýun
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...