TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

27 Dek

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýylyň ahyrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy

Ýokary derejedäki duşuşyga Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri we Ermenistan Respublikasynyň Premýer ministri gatnaşdy.

Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde ählumumy maksatlary, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerini nazara almak esasynda Arkalaşygyň döwletleri bilen işjeň gatnaşýar. Birek-birege hormat goýmak ýörelgesinde ýola goýulýan gatnaşyklar taryhyň dowamynda emele gelen dostlugy, ynanyşmagy, hoşniýetli goň­şuçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, sebit we halkara derejedäki wajyp taslamalaryň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyny, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmak üçin pugta esas bolup hyzmat edýär.

Asla biziň ýurdumyz uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky» Jarnamanyň kabul edilmegi munuň şeýledigine aýdyň mysal bolup durýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň hut ýokarda agzalan Jarnamanyň esasy ýörelgelerine esaslanýandygyny bolsa, buýsanç bilen aýratyn bellemek gerek.

Elbetde, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň çäklerinde, GDA-nyň halkara synçylar wekiliýetleriniň ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara  yzygiderli gatnaşýandyklaryny, hususan-da, Arkalaşygyň halkara synçylarynyň şu ýylyň mart aýynda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna syn edip, oňa ýokary baha berendiklerini hem nygtamak zerurdyr.

Umuman, tamamlanyp barýan 2022-nji ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin örän netijeli boldy. Ähli meýilleşdirilen çäreler üstünlikli amala aşyryldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de gi­ňeltmek boýunça wajyp ylalaşyklar gazanyldy.

Şeýlelikde, bu resmi däl duşuşyk GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna umumy gyzyklanma bildirilýän halkara derejesindäki birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Sankt-Peterburgda geçirilen sammitde GDA-nyň döwlet Baştutanlary ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan resmi däl duşuşygyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze taslamalary durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

30 Ýan
Saýlawlara taýýarlyk: okuw maslahatlary geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...